,

Orazanyň sünnetleri

  1. Selälik. Daň bilen agzyňy beklemek üçin selälik edinmek sünnetdir. Selälik iýmek adama güýç-kuwwat berýär. Pygamberimiz Muhammet aleýhissalam bu mesele bilen baglanşykly hadysynda: “Selälige turuň. Sebäbi selälikde bereket bardyr”. “Selälik bereketdir. Bir ýuwdum suw bilen bolsa hem ony taşlamaň. Alla we perişdeler selälik iýýänlere ýalkanmagyny dilärler” diýýär.
  2. Selälik iýmek üçin biraz wagt galan hem bolsa, seläligi iýmek mustahap hasaplanylýar. Emma wagtyndan gijä galyp, daň atar wagta çenli goýmak bolmaýar.
  3. Agzaçar wagty bolanda, agyz açmaga howlukmak sünnetdir.
    Gün ýaşyp, agşam namazynyň wagty girende agyz açmalydyr. TMM-iň taýýarlan senenamasynyň esasynda kesgitlenen.
  4. Agzyňy hurma ýa-da suw bilen açmak sünnetdir.
  5. Agyz beklän adamlaryň agyzyny açdyrmak hem sünnetdir. Pygamberimiz Muhammet sallallahu aleýhi we sellem bir hadysynda: “Kim bir agzy bekliniň agzyny açdyrsa, oňa şol agzy bekliniň sogaby ýaly sogap berler. Agyz bekleýäniň sogabyndan hem hiç zat kemelmez” diýip aýdýar.
  6. Orazany bozmaýan, rugsat berlen zatlardan daş durmak. Mysal üçin, hammama girmek, hoşboý ysly zatlary ysgamak.
  7. Agzy bekli adamyň mümkin boldugyça Gurhany Kerimi okamagy, Allatagallany zikr etmegi, Pygamberimiz Muhammet aleýhissalama salawat aýtmagy mustahapdyr.
  8. Boş we biderek sözlerden diliňi saklamak.
  9. Agzy beklemäge päsgel berjek derejede agyr işleri etmeli däldir. Ýagny zerur bolmasa, agyr işlerden daş durmaly.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *