,

Juma namazy

Pygamberimiz Muhammet aleýhissalam juma gününiň ähmiýetlidigini, juma namazyny okamagyň sogabynyň köpdügini hadyslarda belläp geçýär.
Juma namazynyň parz bolmagynyň şertleri

1.Erkek adam bolmaly. Juma namazy zenanlara parz däldir. Ýöne zenanlar metjide gidip, şol gün öýle namazyny okap bilerler.

2.Azatlykda bolmaly. Ýesirlere, gullara we azatlykdan mahrum edilenlere juma namazy parz däldir.

3.Mukym bolmaly. Sapary bolan adama juma namazy parz däldir. Ýöne, mümkinçiligi bolan ýagdaýynda, juma namazyny öýle namazynyň ýerine okap biler.

4.Sagdyn bolmaly. Metjide gidip bilmejek derejede hassa, uzurly bolan adamlar, ýagny gözleri kör, tapdan düşen garry adamlar, maýyp, agyr ýagdaýdaky hassalara esewan edýän adamlar juma namazynyň ýerine öýle namazyny okap bilerler.

Juma namazynyň dürs bolmagynyň şertleri:

1)Juma namazyny anna güni öýle namazynyň wagtynda okamaly. Wagty çykandan soň juma namazyny okamak ýa-da kaza etmek bolmaýar.

2)Juma namazyny okamak üçin ymamdan başga azyndan üç erkek kişi bolmaly.

3)Juma namazynyň okaljak ýeri (metjit) hemme adamyň baryp bilýän ýeri bolmaly.

4)Juma namazynyň okaljak ýeri şäher ýa-da şäher hökmündäki bir ýer, ýagny döwletiň resmi edaralary bar bolan uly oba bolmaly.

5)Juma namazy döwlet ýolbaşçysynyň ýa-da onuň rugsat beren wekiliniň ýa-da yhtyýar berlen döwlet edarasynyň rugsat berýän adamsy, ýagny ymamy tarapyndan okalmalydyr.

6)Juma namazynyň parzyndan öň hutbe okalmaly.


Juma namazynyň okalyş düzgüni

Anna güni öýle namazynyň wagtynda juma namazynyň birinji azany aýdylýar. Metjide girilende, eger wagt bar bolsa, iki rekagat tahtyýýetül metjit namazy okalýar. Käbir metjitlerde bolsa, agzybirlik bilen wagyz diňlenip, azan aýdylanyndan soňra ähli adamlar bilelikde tahtyýýetül metjit namazyny okaýarlar. Yzyndan juma namazynyň ilkinji dört rekagat sünnetini okaýarlar. Bu namazlar ymam münbere çykýança okalmalydyr. Eger ymam münbere çykan bolsa, ony diňlemek iň gowusydyr. Soňra metjidiň içinde içki azan aýdylýar. Azandan soň ymam hutbe okaýar. Hutbe gutarandan soň, ymam mihraba geçýär, kamat aýdylan soň jemagata juma namazynyň iki rekagat parzyny okadýar. Iki rekagat parzdan soň, jemagat juma namazynyň dört rekagat sünnetini özbaşdak okaýar. Şeýlelikde juma namazy okalyp gutarylýar.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *