,

Mübärek gijelerde okalýan namazlar

1) Regaýyb gijesiniň namazy
Rejep aýynyň ilkinji juma gijesi “Regaýyb gijesidir”. “Regaýyb” sözüniň halanan, gadyry köp bolan, bagyşlanýan, hezzet-hormat edilen, nepis diýen manylary bardyr. Bu gije örän mübärek gijedir. Bu gijäni ybadat bilen geçirmegiň sogaby uludyr. Käbir alymlaryň aýtmagyna görä, pygamberimiz Muhammet aleýhissalam bu gijede ruhy ahwalata, haýyr-yhsana ýetendigi üçin, şükranalyk maksady bilen on iki rekagat namaz okapdyr. Bu namaz jemagat bilen okalmaýar.

2) Magraj gijesiniň namazy
Rejep aýynyň 27-nji gijesi magraj gijesidir. Bu gijede pygamberimiz Muhammet aleýhissalamyň magraja çykan, bäş wagt namazynyň hem parz edilen gijesidir. Bu gijede on iki rekagat nepil namazyny okamak mustahapdyr.
   Bu namazda her iki rekagatdan soň salam berilýär. Namaz doly gutarandan soň, ýüz gezek “Sübha:nalla:hiwelhamdulillä:hi welä: ilä:he illalla:hu walla:hu ekber” diýmeli. Soňra ýüz gezek istigfar etmeli, ýagny “Estagfirulla:h” we ýüz gezek hem “Alla:hümme salli alä: Seýýidinä: Muhammedin we al: ä-li Muhammet” diýip salawat aýtmaly. Gündizine bolsa agyz bellemek mustahapdyr.

3) Beragat gijesi namazy
Meret aýynyň on bäşinji gijesi Beragat gijesidir. Bu gijede janly-jandarlaryň bir ýylyň dowamyndaky rysgallary, baýlyk we garyplyklary, güýçli ýa-da ejiz boljakdyklary, ajallary we ş.m ähli zatlar bilen baglanyşykly işler Allah Tagala tarapyndan perişdelere habar berilýär. Bu gijäni ybadat bilen geçirmek örän sogaplydyr. Beragat gijesinde okalýan namaza “Salatul-haýr” diýilýär. Käbir rowaýatlara görä, bu namaz ýüz rekagat bolup, her rekagatynda “Fatyhadan” soňra on gezek “Yhlas” süresi okalýar.

4) Gadyr gijesiniň namazy
Remezan aýynyň 27-nji gijesi Gadyr gijesidir. Bu gije pygamberimiz Muhammet aleýhissalama Gurhany Kerimiň aýatlary inmäge başlapdyr. Bu gijäni ybadat bilen geçirmegiň sogaby örän uludyr. Gurhanyň beýanyna görä, bu gije müň aýdan haýyrlydyr. Bu gije ylahy rahmetiň joşan gijesidir. Beýleki mübärek gijelerde bolşy ýaly, Gadyr gijesi üçin hem ýörite bir ybadat ýokdur. Bu gijäniň hormatynyň we ediljek dogalaryň kabul bolmak umydynyň köplügi sebäpli, ony ybadat bilen geçirmelidir. Bu gijede kaza namazyny, Gurhany Kerimi okamaly, tesbih, zikir we doga etmeli. Şeýle hem gündizleriňi orazaly geçirmeli, ynjydan ýa-da bergidar adamlaryňy razy etmeli, garyp-gasarlary, ýetimleri begendirmeli. Bu gijede nepil namalaryny, iki rekagatdan başlap, isledigiňçe okamagyň sogaby uludyr.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *