,

Pitre sadakasy

Pitre sadakasy bergisinden we beýleki zerur bolan hajatlaryndan başga, pesinden nisap (musulmançylykda baýlygyň ölçegi) mukdary, mal-mülki ýa-da nagt puly bolan gurply adamyň eklenjindäki maşgala agzalarynyň her biri üçin berilýän sadakadyr. Pitre sadakasyny bermek wajypdyr. Pitre sadakasynyň möçberi hadyslarda bildirilipdir. Pitre sadakasy türkmençilikde “baş pitre” diýilýär. Munuň sebäbi bu sadakanyň adamyň özüniň hem-de eklenjindäkileriň baş saglygynyň hatyrasyna şükür hökmünde berilýän sadaka bolmagydyr.
Baş piträni Remezan aýynyň başynda, Oraza baýram namazyna çenli aralykda düşýän ýerlerine bermelidir. Bu sadaka Oraza baýramyndan öňürti berilse sogaby köpdür. Oraza baýramyndan soňra goýulsa, baş piträni bermek boýnuňdan düşmeýär we sogaby az bolýar. Şonuň üçin gijikdirmän berjek bolmalydyr.
Dini çeşmelere laýyklykda baş pitre, esasan, arpadan kişmişden we hurmadan bir sag, bugdaýdan bolsa ýarym sag möçberinde berilýär. Bir sag, takmynan, 3 kg 400 grama deňdir. Bu azyk önümlerini pula öwrüp bahasyny berseň hem bolýar. Bir baş piträni diňe bir adama bermeli, ýagny bir piträni ikä bölüp, iki adama bermek bolmaýar. Emma bir adama birden köp pitre berseň hem bolýar. Baş pitre bereniňde pitre sadakasyny berýändiginiň barada içiňden niýet etmeli. Emma ony berýän adamyňa aýtmak hökman däldir.
Piträni Gurhany Kerimiň Toba süresiniň 60-njy aýatynda sanawy geçýän zekat berilýän kişileriň ählisine berlip bilinýär. Pitre nisap mukdaryndaky mala eýe bolan kişilere berilmeýär. Kaka-eje, ogul-gyz we är-aýal zekat we pitrelerini bir-birlerine bermek bolmaýar.
Ýurdumyzda baş piträniň möçberi her ýylyň Oraza aýynda Türkmenistanyň Müftüsiniň müdiriýeti tarapyndan milli manadymyzda kesgitlenilýär we yglan edilýär.
Bu ýyl baş piträniň möçberi 6 manat.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *