,

“SOWAL” Nowruz Güýjow

SOWAL
Sowalym galandyr saba ýellerde,
Magşuk wasp edilse saýrak dillerde,
Joşup seýran etsem sähra-çöllerde,
Ilkinji gülälek görünen bada,
Näme üçin ilki sen düşýärsiň ýada?!

Güllerdenem gözelligiň üçinmi,
Mydam söýüp gezenligim üçinmi,
Kän gül sowgat berenligim üçinmi,
Bilemok ýene sen düşýärsiň ýada,
Ilkinji gülälek görünen bada.

Belki, senden daşdalygym sebäpmi,
Arzuwlarma baş bolanyň sebäpmi,
Şindem saňa teşneligim sebäpmi,
Juwan ýüregimi ýandyryp oda,
Näzlere beslenip düşýärsiň ýada.

Meger, söýgi sebäp ýada düşmäge,
Gülli ýazlar sebäp dolup-daşmaga,
Ykbalyňy ykbalyma goşmaga,
Ömürlik gelermiň gelmezmiň ýa-da
Juwan ýüregimi ýandyryp oda.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *