,

Tarawa namazy

Tarawa sözüniň dynç almak, rahatlamak, aram tapmak ýaly manylary bar. Tarawa namazynda her iki rekagatdan salam berlip, dört rekagatdan soň “subhane zil mülki” dogasy okalyp, täzeden niýet edilýänligi sebäpli bu namaza tarawa diýlip at galypdyr. Pygamberimiz Muhammet aleýhissalam hadyslarynyň birinde: “Kim ynanyp we sogabyny Allatagaladan umyt edip Remezan (tarawa) namazyny okasa, onuň eden günäleri bagyşlanar” diýlip, tarawa namazynyň okalmagynyň örän sogaplydygyny aýdypdyr.
Oraza aýynda tarawa namazy her gün ýassy namazy bilen witr namazynyň arasyna goşulyp okalýar. Birinji ýassy namazynyň dört rekagat parzy, ikinji ýassy namazynyň iki ýa-da dört rekagat sünneti, üçünji iki rekagatdan niýet edip jemi ýigrimi rekagat tarawa namazy, dördünji üç rekagat witr wajyp namazy okalýar. Tarawa namazynda Elhamdan soň on sany gysga süreler okalýar.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *