,

“Garaşmakdan ýadadym” Şagül Dowadowa.

Garaşmakdan ýadadym

Her gije aý astynda ýalňyz oturyp,
Men-ä indi garaşmakdan ýadadym.
Ýekeligi kalpda daş deý göterip,
Men-ä indi garaşmakdan ýadadym.

Ýollaryňda galdy intizar gözlem,
Gurady kalbymda bu zaryn özlem,
Sensizligiň azabyna men dözmen,
Men-ä indi garaşmakdan ýadadym.

Sensizlikden öýkeli men aslynda,
Sensizlik meň päk söýgümiň kastynda,
Göwnüm goýup gam-gussalaň astynda,
Men-ä indi garaşmakdan ýadadym.

Gel sen indi gynama mundan artyk,
Ýürekde gussalam barýara artyp,
Gelde bu garaňky dünýämi ýagtylt,
Men-ä indi garaşmakdan ýadadym.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *