,

“AGYR DÜŞEN DILEG” Kerim Hallyýew

AGYR DÜŞEN DILEG

Ak öýmede seni görmek isläpdim,
Duşuşýarkak ak ýyldyzlañ astynda.
Ynha şol islegim, seret söýgülim,
Ikimiziñ söýgimiziñ kastynda.

Ak öýmede seni görmek isläpdim,
Gözleriñe umyt bilen bakamda.
Men ters arzuw edenime düşündim,
Şol dilegim gelip meni ýakanda.

Ol dilegim kabul boldy gördüm men,
Toý günüñde seni akja öýmede.
Öýmede däl öýde görmek islärdim,
Utuljagmy bilsem bu ters söýgüde…

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *