,

Orazanyň parzlary we şertleri

Orazanyň parz bolmagynyň üç şerti bar:
1) Musulman bolmak.

Oraza tutjak adam hökman musulman bolmaly.
2) Kämillik ýaşyna ýetmek.
Kämillik ýaşyna ýetmedik çaga oraza tutmak parz däldir.
3) Akyl-huşy ýerinde bolmak.
Orazanyň parz bolmagy üçin oraza tutjak adamyň akyl-huşy ýerinde bolmaly. Akyl-huşy ýerinde bolmadyk adama agyz beklemek parz däldir. Eger Oraza aýynda akyly giden bir adamyň akyl-huşy ýerine gelse, şol günden başlap, oraza tutup başlamaly. Eger bir adam özünden gitse şol günüň kazasyny almaly däl.
Orazany berjaý etmegiň şertleri
Oraza tutmak üçin käbir şertler bardyr. Olara orazany berjaý etmegiň şertleri diýilýär. Olar hem üç sanydyr:

Janyň sag bolmagy we zenanlar üçin aýbaşy we çileden tämiz bolmak.
Aýbaşyly we çileli zenan maşgala agyz beklemeli däldir. Olar tämizlenenlerinden soňra tutmadyk günleriniň kazasyny almaly.

Oturymly bolmak.
Oraza aýynda saparda bolan ýolagçy adama, şol günlerde oraza tutmak şert däldir, ýöne oraza tutmak onuň öz ygtyýaryndadyr. Onuň ýolagçy wagtynda tutan orazasy agyz bekli hasaplanylýar. Oraza aýynda sapardan dolanyp öýüne gelen adam ýerli ýaşaýjy hasaplanýar we orazasyny tutmagy dowam etmeli bolýar.

Niýet etmek.
Niýet etmek bellibir zat barada anyk karara gelmekdir. Bir işiň ybadat hasaplanmagy üçin hem şol zada niýet etmek şertdir. Niýet etmek orazanyň berjaý edilmeginiň esasy şertleriniň biridir. Oraza tutýan adamyň agyz bekleýändigi barada ýürekden niýet etmegi parzdyr we niýetini dil bilen aýtmagy sünnetdir.
Niýet etmegiň öz tertibi bardyr:
a) Günortana (istiwa) çenli niýet etmek mümkinçiligi bolan orazalar:

  1. Remezan orazasy.
  2. Güni anyk belli edilen nezir orazasy.
  3. Nepil orazalary.

Eger bilgeşleýin ýa-da säwilik bilen orazany bozýan bir amal etse, niýet etmek dürs däldir. Şeýle görnüşdäki orazalara Gün ýaşandan soň hakyky daňa çenli niýet etmek şertdir we kaza, keffarat ýa-da nezirdigi niýet edeňde anyk aýdylmalydyr.

b) Hakyky daň atýança niýet etmeli orazalar:

1. Remezan orazasynyň kazasy.

2. Başlanyp, soňra bozulan nepil orazasynyň kazasy.

3. Güni anyk belli edilmedik nezir orazasy.

4. Jerime (keffarat) orazalary.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *