,

Oraza aýynyň ähmiýeti

Pygamberimiziň hadyslarynyň birnäçesinde orazanyň adamzady ruhy taýdan terbiýelemegiň iň täsirli ýoly bolan sabyr etmek endigine öwrenişjekdigi barada mälim edilýär. Şonuň üçin hem şol hadyslarynyň birinde: “Oraza sabryň ýarysydyr” diýilýär.
Pygamberimiz Muhammet aleýhissalam orazada sebäpsiz ýere ýekeje gün agyz beklemedik adamyň ömürboýy agyz beklese-de, ol günüň sogabyny alyp bilmejekdigini aýdýar.
Oraza günä işleriň öňünde perdedir hem-de dowzah odundan goraýjy bir galadyr. Oraza aýynda “göz üçin” agyz beklemek bolmaýar.
Orazanyň peýdalary:
Oraza ynsany erbetlikden goraýar.
Oraza ahlagymyzy bezeýär.

Oraza ynsanyň tertip-düzgün içinde ýaşamagy üçin aň taýdan oňaýly isleg-arzuwlary terk edýär. Oraza ybadaty ynsanyň ahlagyny has hem bezeýär we ynsan saglygyny gurbatlandyryp güýçlendirýär. Oraza ynsanyň ynsanperwerlik duýgularyny artdyryp, jemgyýeti söýmeklige we birek-birege ýardam bermeklige iterýär.
Orazanyň görnüşleri:
Parz bolan oraza;

Oraza aýynda agyz beklemek parzdyr.
Oraza aýynda agyz beklemän geçiren günüň ýa-da haýsydyr bir sebäp bilen agyzňy açan günüň, soň başga bir günde kazasyny almak parzdyr. Remezan aýynda bilkastlaýyn bozulan orazanyň başga günlerde jerime (keffarat) orazasy hem parzdyr.
Wajyp oraza;
Wada berlen orazany tutmak wajypdyr. Eger anyk bir wagt bellenmän oraza tutmagy özüne wada eden bolsa, soň bu orazasyny tutmagy wajypdyr. Bu orazany islendik günde-de tutup biler.
Nepil (meýletin) oraza;
Parz we wajyp bolan orazalaryň daşyndan tutulýan orazalara nepil orazasy diýilýär. Pygamberimiz Muhammet aleýhissalamyň tutan we maslahat beren günlerinde agyz beklemäge nepil orazalar diýilýär. Nepil orazalara şu aşakdakylar degişlidir.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *