,

Teleminaralar

Maglumatlary bilmek, täzelikler bilen tanyşmak, habarlary çalt depginde teleýaýlymlar arkaly aralyga bermek üçin alymlar, inžener-arhitektorlar täze teleminarany oýlap tapypdyrlar. Teleminara – telewizion maglumatlar merkeziniň iberiji gurluşlary ýerleşdirilen antennalar oturdylan diregdir. Ilkinji teleminara 1896-njy ýylda W.K.Şuhow tarapyndan taslanyp, ol Moskwa şäherinde guruldy. Teleminaranyň beýikligi 160 metr bolup, dünýäde iň owadan we inženerlik pikiriniň ýitiligi bilen ykrar edilen desgadyr. Dünýäde beýikligi 300 metrden geçýän teleminaralaryň içinde iň gadymy we iň meşhur bina bolan Eýfeliň teleminarasydyr. Ol Fransiýanyň simboly hökmünde tanalýar. Paýtagtymyzyň günortasynda, Köpetdagyň gerşinde gurulan beýikligi 211 metr bolan Aşgabat teleminarasy hem bardyr.

Hytaýdaky Guançşou şäherindäki Guançşou teleminarasy, beýikligi 610 metr (2009ý)
Kanadanyň Toronto şäherindäki Si-En Tawer teleminarasy, beýikligi 550 metr (1976ý)

Russiýanyň Moskwa şäherindäki Ostankino teleminarasy, beýikligi 540 metr (1967ý)

Hytaýyň Şanhaý şäherindäki “Gündogaryň merjeni” atly teleminara, beýikligi 468 metr (1995ý)

Eýranyň Tähran şäherindäki Borže Milad teleminarasy, beýikligi 435 metr (2006ý)

Fransiýanyň Pariž şäherindäki Eýfeliň teleminarasy beýikligi 324 metr (1889ý)

Russiýanyň Moskwa şäherindäki Şuhowyň teleminarasy, beýikligi 160 metr (1896ý)
Köpetdagyň gerşinde gurulan beýikligi 211 metr bolan Aşgabat teleminarasy

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *