,

Iň gymmat metal

Platina

Platina dünýäniň iň gymmat metallarynyň biri hasaplanylýar. Ol altyndan hem gymmatlydyr. Sebäbi bu metalyň tebigatda az mukdary bar. Şeýle hem ol halk hojalygynyň dürli ugurlarynda giňden peýdalanylýar. Platinanyň reňki kümüşsow  ak bolýar, poslanmaýar we çüýremeýär. Şeýle hem metalyň bu görnüşi ýokary gyzgynlyga çydamly bolmagy bilen tapawutlanýar. Onuň 1 kub santimetr 21,45 gram bolýar. Suwuk wagty bu görkeziji 19,77 g/sm3 bolýar. 1768 dereje gyzgynlykda ereýär, 3825 dereje gyzgynlykda gaýnaýar. Şeýle gatydygyna garamazdan, ony süýndürip bolýar. Ol demirden 3 esse agyr. Bu metalyň Günorta Afrika Respublikasynda, Russiýada we Kanadada känleri bar. Emma onuň önümçilik mukdary köp däl.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *