,

Orazada “agyz beklemek” bilen baglanyşykly soralýan soraglara jogaplar:

  • Bilmezlikde nämedir bir zat iýmek orazaňy bozýamy?!

Bilmezlikde iýen ýa-da içen adamyň orazasy bozulmaýar. Eger agyz bekleýändigi ýadyna düşse agzyndakylary çykaryp, agzyny suw bilen çaýkamaly we agyz beklemgini dowam etdirmeli.

  • Diş arassalamak orazaňy bozýamy?!

Diş arassalamak orazaňy bozmaýar. Emma köpürjik ýa-da suw bokurdaga gitse ýa-da bokurdakda galsa onda oraza bozulýar. Diş agyz beklemezinden öň we agyz açylanyndan soň ýuwmak maslahat berilýär.

  • Gaýtarmak orazaňy bozýamy?!

Eger adam organizminiň islegi bilen gaýtarylsa onda oraza bozulmaýar. Emma kişiniň öz islegi bilen gaýtarmasy orazany bozýar.

  • Sanjym etdirmek orazaňy bozýamy?!

Sanjym agyryny aýyrmak, köşeşdirmek maksatly edilse onda oraza bozulmaýar. Emma organizmi iýmitlendirmek, keýp almak maksatly edilse onda oraza bozulýar.

  • Gan aldyrmak orazaňy bozýamy?!

Gan aldyrmak orazany bozmaýar.

  • Derman atmak  orazaňy bozýamy?!

Agyz bekleýän adam saglyk ýagdaýy sebäpli  derman atýan bolsa (suw bilen ýa-da suwsuz bolsun) onda oraza bozulýar. Munyň öwezini dolmak üçin kazasyny almak gerek bolýar.

  • Makýaž etmek  orazaňy bozýamy?!

Makýaž etmek, saç boýamak orazany bozmaýar.

  • Çaga emdirýän ene oraza tutup bilermi?!

Çaga emdirýän eneler özlerine we çaga zyýan ýetmese (çydap bilseler) oraza tutup bilerler. Çaga emdirmek orazany bozmaýar.

5 Replies to “Orazada “agyz beklemek” bilen baglanyşykly soralýan soraglara jogaplar:”

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *