,

Hijri-kamary senenamasy

Bu senenama Muhammet Pygamberiň we onuň döreden yslam dinine uýan adamlaryň yzarlanmadan gaçyp, Mekgeden Medinä göçüp giden döwründen, ýagny biziň eýýamymyzyň 622-nji ýylynyň Iýul aýynyň 16-syndan başlap ýöredilýär. Olar:

1) Aşyr(arapça ady Muharrem);
2) Sapar(Safar);
3) Dört tirkeş 1( Rabiul’owwal);
4) Dört tirkeş 2(Rebigilsany);
5) Dört tirkeş 3(Jumadil-üwlä);
6) Dört tirkeş 4(Jumadil-ahire);
7) Rejep(Rajab);
8) Meret(Barat(Şaban);
9) Oraz (Remezan ( Ramazan,Ramadan);
10) Baýram(Şawwal);
11) Boş aý(baş( Zulka’de);
12) Gurban( Zülhiçje);
Jemi 354 (gysga ýyl) ýa-da 355 (uzyn ýyl) gün bar. “Kamar diýmekdir. “Hijri” bolsa aýra düşmek diýen manyny berýär. Hijri-kamary aý-gün hasaby bilen Grigorian senenamasynyň arasyndaky aratapawudy bilmek zerurdyr. Ony bilmek nüçin, häzirki seneden (Grigorian) 622-ni aýyrmaly we netijäni 1,031-e köpeltmeli. Ýagny:

1,031x(2020-622)=1,031×1398=1.441.338

bolýar. Ýagny 2020-nji ýyl hijri-kamary ýyl senenamasynyň 1441-nji ýyly bolýar. 

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *