“Ejem eken” Ogulnur Ataýewa

“Ejem eken”

Etmişim ­kän,­ ötmüşem­ sen, ­çagalygmyň ­ýeňlesligni,
Öwredipdiň­ has­ kiçikäm ­gyz­ görküniň­ agraslygny,
On ­ýyl ­geýdiň­ bir­ geýeniň,­ maňa ­tikdiň­ köýnekligňi,
Joralarma­ güjeňlärdim,­ şonda ­aklym ­çatman­ eken,
Bir­ gülenmi­ dünýä­ deňän,­ görüp­ dursam,­ ejem ­eken.

Ýyllar­ göçýär,­ geçip­ barýar,­ başyňdaky­ çagalygam,
Köpelýändir­ durmuş­ hakda ­saňa­ berýän ­soragymam,
Günler­ geçdi,­ soň­ ýat ­boldy,­ şol­ çägeli­ Garagumam,
Talyp­ boldum,­ men­ özüme ­diýipdim­le ­«Bagty­ çeken»,
Ah,­ bu­ bagty ­gije-­gündiz ­Hakdan­ dilän, ­ejem ­eken.

Gara ­saçlaň ­aklygyna,­ düşünmedim ­ilki bada,
Jowrandy­da,­ ýürek ­şonda,­ atygsady, ­düşdi­ oda,
Bu ­dünýäde­ günäkär­ men­ bolan ­bolsam ­haýsy ­zada,
Maňa­ goýman ­ýazygymy,­ bagry­ bilen ­süzüp­ çeken,
Indi ­bilýän, ­ejem ­eken.

Men ­özümi ­ýalňyz ­duýdum ­şu­ märekäň ­arasynda,
Ne­ alamat, ­bu ­duýgulam,­ sakla ­özüň ­goragyňda,
Özüme­ zor ­salyp ­gelýän ­ýyly­ mähriň ­ideginde,
Jandan­ geçip­ söýjek­ barmy,­ tapylarmy­ dyza ­çöken?!
Bagra­ basdy­ bir ­tanyş ­el, ­ol ­ýene­ meň­ ejem­ eken.­

Söýen­ ýigdim,­ goýup­ gitdiň,­ ýat­ bolduk­ biz­ bir­-birege,
Men­ ýüregňe­ ýol­ salsamam,­ gapy ­tapmadym ­girere,
Alynmadyk ­myhman ­ýaly,­ duýgym ­tazykdy­ bir ­ýere,
Meň­ seni­ söýşümden ­beter,­ menem­ biri­ söýýär ­eken,
Şol­ ynsanam­ ejem ­eken.

Gyssanyber,­ däli­ köňlüm, ­wagtyň ­şol ­bolşy, ­tizlänok,
«Ah, ­bu­ durmuş ­ejeň­ däl­dä», ­ejizleseň,­ ezizlänok,
Hemme­ kişi­ bagt ­isleýär, ­güzaby­ ýok,­ azaby ­ýok,
Köp ­aýdardyň,­ diňlemezdim,­ soňam boldum ­derde­ çöken,
Awunybam ­arzyň­ aýtsaň, ­ejeň­ seni­ diňlär ­eken.

Ýeňil­ işe ­tiz ­ýapyşdym,­ kynlaryny­ soňa ­goýdum,
Şänik­ ýaryp,­ maňzyn ­iýdim,­ gabygyny ­saňa ­goýdum,
Çaýlamaga ­joraň­ gelse, ­sen­ ýene­de ­gyzyň ­öwdüň,
Gör­ä,­ durmuş­ niçiksi­ zat,­ ýörän­ ýoluň ­hile­-gapan,
Ýagşyň­ ýaýyp,­ aýbyň ­ýapjak,­ ilki­ bilen ­ejeň ­eken.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *