,

Wagtyň okalyşy

Daňdan wagty – Günüň dogjak ýeriniň ýagtylyp (agaryp başlamagy).

Saba,säher wagty, ir ertir – Daň atandan Gün dogýança aralyk. Tomus aýlarynda ol 1,5 sagatlap dowam edýär.

Ertir wagty – Gün dogup, Ýerden gowy saýlanýança wagt aralygy.

Kiçi guşluk – Tomus günleri ir sagat 9 töweregi.

Uly guşluk – Tomus günleri sagat 11-12 töweregi. Ondan soň yssy has güýçlenip başlaýar.

Ertir salkyn – Gündiziň birinji ýarymy, ýagny Gün dogandan, günortana çenli wagt aralygy.

Günortan, çäş wagty – Günüň gözýetimden iň ýokary galýan wagty(astronomiýada kulminasiýasy), sagat 13 töweregi. Günortandan soň gün aşak inip başlaýar, tomusky howanyň iň yssy wagty. Bu pursatda kölege has gysgalýar. Günortana “Günüň çäş wagty” hem diýilýär.

Öýlän salkyn – Gündiziň ikinji ýarymy. Günortan wagtyndan ýarym sagat geçensoň başlanyp, gün ikindi bolýança dowam edýän wagt.

Ir öýlän – Günortandan soň,öýläniň başlanýan ilkinji pursatlary, sagat 14-15 töweregi.Ýurdumyzyň günbatar sebitlerinde muňa “ýel çaşdy” diýýärler.Sebäbi şu wagt aralygynda ýuwaşja şemal dürli taraplardan öwüsýär.

Ak öýlän – Ir öýländen soň, öýle guşluga çenli wagt aralygy,sagat 15-16 töweregi.

Öýle guşluk – Ak öýländen soň, ikindi wagtyna çenli aralyk.

Ikindi – Günüň ýaşmagynyň öňüsyrasy reňkiniň üýtgäp, gyzaryp başlaýan wagty.

Ilkagşam – Agşamyň ilkinji pursatlary. Ol ýaşan Günüň ýagtysy solýança dowam edýär.

Gijagşam – Ýaşan Günüň ýagtysy ýiteňkirläp, şapak doly ýitýänçä, asmandan beýleki görünýän ýyldyzlar sanardan has köp bolýança wagt aralygy. Ol garaňky gatlyşýança dowam edýär.

Ýassy, ýassyn – Agşamdan soň, ýagny ýassy namazynyň okalýan wagty (agşamdan 1,5 sagat çemesi soň) başlanýan pursat. Ýurdumyzyň günbatar sebitlerinde “ýassy, ýassyn” wagty diýlip, ýyldyzlaryň sany sanardan köp bolan wagtyna aýdylýar.

Ýarygije – Gijäniň ýarpy böleginiň gutarýan wagty, gije sagat 12. Şol pursatdan öň we soň bolan wakalar,hadysalar, “ýarygijeden öň” hem-de “ýarygijeden soň” diýlip atlandyrylýar.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *