,

Hoz melhemlikleri

Hoz agajynyň 3-4 nahar çemçe (45-75 g) gury owradylan ýapragyny ýarym litr (500 ml) suwa atyp, içi syrçaly gapda haýal ýanýan otda gaýnatmaly. Hasadan geçirip, deri kesellerinde, iriňli ýaralarda ýapgy ýa-da çalgy görnüşinde haýyrlanmaly.

Hozuň 1-2 çaý çemçe (5-10 g) ýapragyny 1 bulgur (200 ml) gaýnag suwa demlemeli. Sowadyp, hasada süzmeli. Içgeçmede, aterosklerozda her gün 3-4 gezek ýarym bulgurdan (100 ml) kabul etmeli.

Ösümligiň 1 nahar çemçe owradylan gury ýapraklaryny ýarym bulgur (100 ml)  günebakar ýagy bilen garmaly. Agzy ykjam ýapylýan aýna gapda bir hepde saklamaly. Arasynda bulap durmaly. Soňra ony suw wannasynda üç sagatlap gaýnatmaly. Iki gezek hasada süzmeli. Ýene 30 minut gaýnatmaly. Soňra 15 g ary mumyny goşmaly we tä sowaýança garyşdyryp durmaly. Derman ýaralara we çybanlara ýygy-ýygydan ýapylanda em bolýar.

Hozuň 1 kg ter ýa-da guradylan ýapraklaryny 10 litr suwa atyp, agzy mäkäm ýapylýan gapda pessaý otda 30 minut gaýnatmaly. Taýýar bolan pet bilen iriňli dömme çişlerine ýolugan çagalaryň, mäzleriň limfatik kesellerine uçran syrkawlaryň endamyny ýuwmaly.

Üwelen hozlary zeýtun ýagy bilen goşup, agzy berk ýapylýan gapda 40 gün Gün düşmeýän ýerde saklamaly. Taýýar bolan emligi süzmeli. Her gün irden we agşam wena gan damarlarynyň çişen ýerlerine tä syrkaw doly gutulýança çalmaly.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *