,

Ilkinji gazet

Ilkinji gazet 1605-nji ýylda Fransiýanyň Germaniýa bilen serhedindäki Strasburg şäherinde nemes neşirýatçysy Iogann Karolýus (1575-1634) tarapyndan çap edilýär.

Iogann Karolýus (1575-1634)
Ilkinji gazet

Ol “Relation aller Fürnemmen und gedenckwürdigen Historien” “Ýatda galýan belli täzelikler” diýlip atlandyrylypdyr. Aslynda, mundan 1500 ýyl ozal Rim imperatory Ýuliý Sezar daşa ýa-da metalyň ýüzüne haşamlanan ýazgylary Rimiň ilaty üçin çap etdirilipdir. 800 ýyl çemesi wagt geçenden soňra, 713-nji ýylda Hytaýda Tang hökümdarlygy tarapyndan ýüpek matanyň ýüzünde el bilen ýazylan habar ýazgylary çap edilýär.

Garlem Dagblad” gazeti

1656-njy ýylda Gollandiýada “Garlem Dagblad” diýen gazet gündelik çap edilip ugraýar. Şol bir wagtda bu gazet häzirki wagta çenli çap edilýän “iň irki gazet” adyna eýedir. ABŞ-da ilkinji gazet 1690-njy ýylda çykarylyp başlanýar. 1609-njy ýylda çap edilen “Relation” gazetiniň bir sany biziň döwrümize çenli saklanylyp galan iň köne neşirleriň biridir. Ol Heidelberg uniwersitetinde saklanýar. Häzirki döwürde internet ulgamyndaky habarlar näçe üns çeksede, ýene-de dünýäde bir milliarddan köp okyjy täzelikdir habarlary gazet sahypalaryndan okaýar.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *