,

Tudana

  Belki-de, ýaz paslynyň ilkinji miwesi bolany üçin tudananyň bişmegine hemme howlugýandyr. Ata watany gündogar Aziýa hasaplanylýan bu agajyň uzynlygy, adatça, 4-5 metr, kähalatlarda 15 metre çenli bolup bilýär. Onuň miwesine tudana, agajyna tut diýilýär.

Tuduň gara (“Morus nigra”) we ak (“Morus alba”) reňkli miwe berýän esasy 2 görnüşi has köp ýaýrandyr. Hiç hili miwe bermeýän tut agajy hem bolýar. Tut agajy pile gurçugy tutulanda, ýapragyndan peýdalanmak şeýle hem bezeg maksady bilen ekilýär. Agajy berk bolanlygy üçin dutar we beýleki saz gurallaryny ýasamakda irki döwürlerden bäri peýdalanylýar. Tudananyň düzüminde şeker, uglewod, ýag, protein,  A, B, C, E, K witaminleri, kalsiý, demir, magneziýa, fosfor, fosfor, natriý, simap ýaly mineral maddalar bar. Tuduň 2-3 santimetrlik miwesiniň düzüminde maýdajyk däneleri bolýar. Tudananyň süýji tagamy we özüne mahsus ýakymly ysy bolýar. Tut agajy 200 ýyla çenli ýaşaýar. Ol Demirgazyk Amerikada we Afrikada hem ösdürilip ýetişdirilýär. Tudana terligine, guradylyp hem beýleki tagamlary taýýarlamakda hem peýdalanylýar. Guradylyp ir-iýmiş hökmünde peýdalanylmagynyň maksady ol öz düzümindäki peýdaly witaminleri ýitirmeýärler hem-de şeýdilende, uzak wagtlap saklap bolýar. Şeýle hem ondan toşap gaýnadylýar. Mundan başga-da tudana şeker goşulup, şire hem gaýnadylýar. Onuň ýapraklary pile gurçugy üçin gerekli minerallara baýdyr. Şeýle hem halk  lukmançylygynda dürli keselleriň öňüni almakda ulanylýar. Häzirki wagtda derman senagtynda derini idediji  serişdeleri taýýarlamakda peýdalanylýar. Guradylan tudana içegäni arassalaýar we ganyň köpelmegine getirýär.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *