,

Telegrafyň taryhy

Ilkinji harply telegraf

Bilişimiz ýaly, gadym wagtlarda adamlar biri-birilerine iň wajyp habarlary ýörite çaparlary iberip ýa-da kerwenleriň üsti bilen ýetiripdirler. Habarlary ýakyn aralyga ýetirmekde bolsa olar ýörite diňleriň, alawyň ýa-da buthana jaňlarynyň sesinden peýdalanypdyrlar. XIX asyrdan ylmyň ösmegi bilen, aragatnaşyk ulgamy döredilip başlanypdyr. Şu ýerde size aragatnaşyk ulgamynyň bir görnüşi bolup durýan telegrafyň döreýşi we ösüşi barada käbir maglumatlary ýetirmegi makul bildik.       

Ilkinji elektrik telegrafy

  Ilkinji elektrik telegrafy 1837-nji ýylda angliýaly oýlap tapyjylar Uilýam Kuk (1806-1879) we Çarlz Uitson (1802-1875) tarapyndan döredilipdir. Bu telegrafda elektrik togy ýörite geçirilen sim arkaly kabul ediji enjama berilýär. Enjamdaky peýkam herekete gelýär we degişli harpyň deňinde saklanýar. Harplary peýkamyň hereketi boýunça goýup sözleri, olardan sözlemleri düzüp, habarlar uzak ralyga ýetirilýär.

Samuel Morze (1791-1872)

1843-nji ýylda amerikaly suratkeş Samuel Morze (1791-1872) telegraf üçin ýörite täze şertli belgini oýlap tapdy. Onuň bu belgisi Kuk bilen Uitsonyň oýlap tapan şertli belgisinden bütinleý tapawutlanýar. Ol elipbiýdäki her bir harp üçin kese çyzygy we nokady aldy. Uzak aralyk üçin kese çyzyk we gysga aralyk üçin nokat ulanylýar. Baltimordan  Waşingtona çenli 6 kilometr aralyga geçiriji simleri çekdi we munuň kömegi bilen prezident saýlawlary hakyndaky habarlary halka ýetirdi. Ýeri gelende aýtsak, Morzäniň oýlap tapan şertli belgisi häzirem ulanylýar. 1858-nji ýylda Çarlz Uitson özüniň täze telegraf ulgamyny teklip edýär. Onuň oýlap tapan enjamy arkaly telegraf enjamyna habar gelýär. Ony kabul edýän operator gelen duýduryjylary uzyn kagyza geçirýär. Soňra belgi arkaly enjam ony nokada we kese çyzyga öwürmek bilen, degişli habaryň teksti düzülýär. Häzirki wagtda habarlaryň awtomatiki usulda amala aşyrylýandygyny aýratyn belläp geçmeli. Bu bolsa habaryň çalt we tiz wagtda ýetirilmegini üpjün edýär.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *