,

Türkmen keçesi

Keçeler özleriniň döreýiş taryhy boýunça türki halklaryň, esasan-da, çarwalaryň arasynda ýaşaýyş durmuş şertlerine laýyklykda has irki döwürlerde ýüze çykypdyr. Alymlaryň tassyklamalaryna görä, irki çarwa gurnama öýleri ilki Merkezi Aziýada döräpdir. Şol öýlere degişli ýazgylara miladydan öň, V asyrda ýaşap geçen grek taryhçysy Geredotyň işlerinde duş gelinýär.

Türkmen keçesi

   Keçeleriň döreýiş taryhynyň çuňlugy ýaly onuň taýýarlanyş usuly-da diýseň çylşyrymlydyr. Her keçe özüniň aýratyn bir özboluşlylygy, möçberi, hili we nagyşlary arkaly tapawutlanýar. Olary taýýarlamak üçin ussatlyk, ezberlik, irginsiz zähmet zerurdyr. Keçe diňe goýun ýüňünden edilýär. Goýunlaryň ýazda gyrkylan ýüňleri süýüm taýdan uzyn bolýar. Ýaz ýüňleri ilki ýuwulýar, soňra guradylyp saýylýar we ýüň darakda daralýar. Güýzde gyrkylan goýun ýüňi özüniň süýüminiň gysgalylygy bilen ýaz ýüňünden tapawutlanýar. Ýüňler aýyl-saýyl edilenden soň boýalýar. Boýalan ýüňler dury suwda ýuwlup, oňat guradylanyndan soňra ýüňler täzeden darakda daralyp, darak dişi hem-de pişge çykarylýar. Pişge keçäniň nagyşlaryny etmek üçin üçin ýogyn we inçe görnüşde süýülýär.
   Tekiz ýere ýazylan örme gamşyň üstüne inçe ýüň bilen nagyşlaryň keşbi çekilýär. Alajalar, gülýakalar bilen keçäniň nagşy doly bezelip bolnandan soň, ak ýüňler bilen arkasy doly ýapylýar. Gara ýüňler bilen nagyşlaryň töweregindäki boş goýlan gyra ýerleri doldurylýar.
   Keçäniň ähli işleri boldum edilensoň, gamşyň iki tarapyny deň edip, düýrläp berk daňylýar. Soňra ony dikläp iki gapdalyndan gaýnag suw guýulýar. Gowy ezilenden soň ikitaraplaýyn çekmäge başlaýarlar. 1,5-2 sagat çekilen keçe ýuwaşlyk bilen çözülip, gamşyň üstinde basmaga taýýarlanylýar. Iki gapdaly deňje edilip, gamyşdan taýýarlanan diwarjyklara sürtüp, 5-6 sagat basylýar. Gyralary sürtülen keçe, onuň basymynyň ýetendigini aňladýar.    Işeňňir zenanlarymyzyň irginsiz zähmeti bilen gül keşbine meňzäp duran keçeler, türkmeniň agzybir ojagynyň törüni bezeýär.  

Leave a Reply

Your email address will not be published.