,

Dünýä baýdaklarynyň taryhy

Adamlar baýdagy 4000 ýyldan gowrak wagt mundan ozal ulanyp başlapdyrlar. Weksilologiýa – baýdaklary öwrenýän ylym bolup, ilkinji dörän baýdaklar hem weksiloid (vexilloid) diýip atlandyrylypdyr. Ol latyn sözünden gelip çykypdyr hem-de “ýol görkeziji” diýmekligi aňladýar. Ilkinji weksiloidler uzyn syryklara birikdirilen, ýüzüne oýulyp nagyş salnan metaldan ýa-da tagtadan bolupdyr. Takmynan, 2000 ýyl mundan ozal hem mata ýa-da şoňa meňzeş zatlaryň bölekleri bezeg üçin käbir weksiloidlere çatylypdyr. Olar biziň häzirki görýän baýdaklarymyza çalym edipdir. Öňki döwürlerde demir sowut geýnen esgerleri olaryň söweşe göterip barýan baýdaklaryndan tanapdyrlar. Öň baýdaklary diňe harby hem-de deňiz ýörişlerinde özleriniň kimdigini tanatmak, habar bermek üçin ulanan bolsalar, XVIII asyryň ahyrlarynda, millilik duýgusynyň ösmegi bilen, olara milli nyşan hökmünde garap başlapdyrlar. Ilkinji milli baýdaklar hem şol wagt döräpdir. XIX asyryň dowamynda her bir garaşsyz ýurduň milli baýdagy bilen özüni tanyşdyrmagy ýörgünli bolupdyr. Köp baýdaklaryň kese hem-de göni çyzyklary, ýyldyzlary ýaly esasy meňzeşlikleri bardyr. Baýdakdaky reňkler hem wajyp bolup, her biri özboluşly aýratynlyga eýedir.
Ýaşyl reňk – ýaşlygyň, umytly bolmagyň alamaty;
Gyzyl reňk – batyrlygyň, güýjüň alamaty;
Ak reňk – parahatçylygyň we ylalaşygyň alamaty;
Narynç (mämişi) reňk – edermenligiň nyşany;
Sary reňk – döwletliligiň alamaty.
Milli baýdaklardan başga-da raýat baýdaklary, söweş baýdaklary, deňizde ulanylýan baýdaklar, dini baýdaklar, demir ýolda ulanylýan baýdaklar, syýasatda ulanylýan baýdaklar hem bardyr.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *