,

Ýylanyň “köýnegini” gördüňizmi?

Ýylan sözi adatça, adamlaryň inini tikenekledýän hem-de gorkunç hasaplanylýan jandar bolsa-da, peýdaly taraplary az däl. Olaryň ýaşaýşy hem üýtgeşikligi bilen tapawutlanýar. Şeýle bolansoň, dokumental filmlerde bu jandarlar barada has köp maglumat berilýär. Ýylanlaryň beýleki jandarlardan üýtgeşik taraplarynyň biri hem olaryň derilerini täzelemekleridir.

Ýylanyň gowy

Onuň hamynyň daşyndan sypyrylyp aýrylýan ýukajyk gatlaga gow diýilýär. Belki, araňyzda oba ýerlerinde ýaşaýanlaryňyz ýa-da gezelenje gidenleriňiz ýylanyň gowuny gören bolmagyňyz hem mümkin. Ýukajyk gatlak edil ýylanyň daşky görnüşini ýada salýar. Sebäbi onuň daşynyň “köýnegi” bir gezekde tutuşlygyna çalyşýar. Olar azyndan ýylda bir gezek gow taşlaýar. Bu aýratynlyk süýrenijileriň beýleki görnüşlerinde hem bar. Emma käbir süýrenijiler öz derilerini bölekleýin çalyşýarlar.
Ýylanlaryň maýyşgak beden gurluşy bolsa-da, olaryň daşyndaky gatlak süýnmeýär. Şeýle bolansoň, ýylan ösüşini belli bir derejeden soňra togtadýar. Şol sebäpli olar mahal-mahal öz “köýneklerini” täzelemeli bolýarlar. Edil ýylanlar ýaly pyşbagalar, krokodiller hem gow taşlaýar. Her jandaryň derisini täzelemeginiň wagty onuň iýmitlenişine we ösüş tizligine bagly bolýar. (Ýylanyň gowy kellige, babasyla (gemorroýda), deri kesellerine garşy ulanylýar).

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *