,

“Eger-de, eger-de, ýitirse yşkyn” Ogultäç Oraztaganowa.

Eger-de, eger-de, ýitirse yşkyn

Dymdym, duýgularym ýüregme ýaýrap,
Gözýaşlam didämden döküldi paýrap,
Bilýän, bilbillerem başarmaz saýrap,
Eger-de, eger-de, ýitirse yşkyn.

Dymdym, Aý dogupdyr Gökde lowurdap,
Ýapraklar derdiňi gozgar şygyrdap,
Ýagyşlaram ýagyp bilmez şabyrdap,
Eger-de, eger-de, ýitirse yşkyn.

Dymdym, neçüýn yşk geldikä eglenip,
Gije-gündizlerem gitdi deňlenip,
Ýüwrük ýeller aýdym aýtmaz hiňlenip,
Eger-de, eger-de, ýitirse yşkyn.

Dymdym, apalanym bolup gitdi ýat,
Goýup ýüregimde bir bölejik ot,
Hiç bir ýerde karar tapmaz adamzat,
Eger-de, eger-de, ýitirse yşkyn.

Dymdym, dymmaýyn men, geň görer iller,
Şahyra iliniň bilbili diýerler,
Oklamaz özüni gaýadan siller,
Eger-de, eger-de, ýitirse yşkyn.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *