,

Kepderi

Ömri: 12-15 ýyl;
Uçuş tizligi: sagatda 60-80 kilometr;
Görnüşi: 300 töweregi;
Ýaşaýan ýerleri: diňe ýyly ýerler.
Gyzykly maglumatlar: 

Adam sekuntda suratyň 24 pursadyny, kepderi bolsa 75 pursadyny saýgarýar.

1146-njy ýylda Müsürde ilkinji döwlet kepderi poçtasy açylýar.

XI-XIII asyrlarda hat gatnadyjy kepderiniň bahasy bir atyň bahasyna deň bolupdyr.

2004-nji ýylda Wladiwostokda paraharçylygyň nyşany bolan kepderiniň ýadygärligi açylýar.

Bir kepderi günde 900 kilometre çenli aralygy geçip bilýär.

Gadymy Wawilon kepderileriň şäheri bolupdyr.
Kepderiler dünýäde iň owadan guşlaryň biri hasaplanylýar. Kepderiler kellesi kiçi, çüňki inçe, aýaklary gysgajyk guş bolup, olaryň owadan ganatlary bardyr. Kepderileriň gözüniň gurluşy üýtgeşikdir. Günüň ýiti şöhlesi olaryň gözüni gapyp bilmeýär. Bu owadan guş daşlaryň arasynda kiçijik dänäni tapmaga ukyply. Kepderileriň birnäçe görnüşleri bardyr. Gök reňkli kepderi daşyndan goýy çal reňkli ýaly görünse-de, olar gök reňkdedir. Özüniň owadan guýrugy, aýagy bilen tapawutlanýan kepderiler hem bar. Gadymy döwürlerde kepderiler hat gatnadyjy bolup hyzmat edipdirler. Uzak ýurtlara gidenlerinde syýahatçylar ýanlary bilen öýdäki kepderilerini äkidipdirler. Hat ýazmaly bolanlarynda, olar kepderileriniň aýagyna hatjagazy berkidip ugradypdyrlar. Kepderi barmaly ýerini kynçylyksyz tapmagy başarypdyr. Beýle bolmagynyň sebäbini bilermenler entek anyklap bilenoklar. Käbirleri Güne görä tapýar diýse, ýene biri ýyldyzlara görä diçip çaklaýarlar. Çörek owuntygydyr çigitden başga bu guşlar dänedir miweleriň dürli görnüşleri bilen iýmitlenýärler. Kepderiler gaty iýmitleri siňdirmek üçin köp mukdarda suw içýärler. Bu owadan guşlar edil towuklar ýaly ýumurtga basyrýarlar. Iki-üç hepdeden soň bolsa kiçijik jüýjeler peýda bolýar.

Kepderi bütin dünýäde parahatçylygyň nyşany hökmünde bellidir. Dünýäniň 33 şäherinde onuň ýadygärligi bardyr. 1949-njy ýylda Parižde we Pragada Birinji Bütündünýä kongresi geçirildi. Şol kongresiň resmi nyşany suratkeş Pablo Pikasso tarapyndan çekilipdir. Suratda ak kepderiniň çüňkünde zeýtun şahajyklary şekillendirilipdir.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *