,

“Ýeri, sen şol gyza meňzäýmelimi?!” Amandurdy Annadurdyýew.

Ýeri, sen şol gyza meňzäýmelimi?!

Ak ýüzüňde halyň näme diýsene,
Ýeri, sen şol gyza meňzäýmelimi?!
Öň göwün az aldanýarmy diýsene,
Ýeri, sen şol gyza meňzäýmelimi?!

Saçy tokmak, boýy söýe ýalydy,
Goly çeper, dokaýany halydy.
Gözi göz, gaşy gaş, özüň ýalydy,
Ýeri, sen şol gyza meňzäýmelimi?!

Özüm sowuk boldum, uçurdym bagtym,
Indi ökünýärin ýatlaýan wagtym.
Topraga gömülip ýatan, eý, altyn
Ýeri, sen şol gyza meňzäýmelimi?!

Duşuşmagy besläp ýörün kalbymda,
Mydama günäli şonuň alnynda.
Goşaryň ak bolmasady bolmanda,
Ýeri, sen şol gyza meňzäýmelimi?!

Berk tutýan ýere satanmyşynlar,
Tüýs arzuwlaryna ýetenmişinler.
Bu sözüme ýanmadyklar düşünmez,
Ýeri, sen şol gyza meňzäýmelimi?!

Görküň öň görülen eziz görke deň,
Sen haýsy toprakdan, haýsy ülkeden?!
Hem-ä şatlandyrdyň, hemem örtediň,
Ýeri, sen şol gyza meňzäýmelimi?!

Leave a Reply

Your email address will not be published.