,

Konstitusiýanyň taryhyndan

Konstitusiýa döwletiň esasy kanunydyr. Ol ýokary kanuny güýje eýe bolan hukuk kadalarynyň jemi bolup, döwletiň ýokary organlary tarapyndan işlenilip düzülýär. Konstitusiýa “constitution” diýen latyn sözünden gelip çykyp, “gurluş”, “berkarar etmek”, “kanun”, “düzgün” diýen manyny berýär. Konstitusiýanyň ilkinji görnüşleri gadymy Rimde ýüze çykýar. Konstitusiýa döwletiň syýasy, hukuk we ykdysady ulgamyny düşündirýär. Ol döwletiň guramaçylyk resminamasy bolup, onda döwlet gurluşynyň esasy maksatlary öňe sürülýär. Konstitusiýany halk bilen döwletiň arasyndaky şertnama hökmünde hem häsiýetlendirip bolar. Dünýäniň ilkinji konstitusiýasy 1787-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda ABŞ-nyň Filadelfiýa şäherinde kabul edilip, ýurduň 13 ştatynda ýola goýulýar. 1789-njy ýylda Fransiýada “Adam hukuklarynyň we raýatlaryň deklerasiýasy” kabul edilip, Beýik fransuz ynkylabynyň syýasy manifesti bolupdyr. Ozalky sowet döwletinde bolsa, RSFSR-iň Konstitusiýasy 1928-nji ýylda kabul edilýär. Ýurtda Konstitusiýanyň bolmagy ähli dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan oňyn baha berilýär. Çünki onda raýat hukulary we azatlyklary beýan edilip, onuň esasynda ähli beýleki kada-kanunlar işlenip düzülýär.
Türkmenistanyň Konstitusiýasy ilkinji gezek 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda kabul edilýär.

Leave a Reply

Your email address will not be published.