,

Horazlar näme üçin irden gygyrýarlar?

Horazlaryň säher bilen gygyrýandygyny megerem, hemmämiz bilýändiris. Olar biziň oýanmagymyz üçin gygyrmaýarlar. Aslynda, horazlar günüň islendik wagtynda hem gygyrýarlar. Emma irden has batly ses çykarýarlar. Daş-töwerek asuda bolansoň, olaryň sesi has uzakdan eşidilýär. Günortandan soňra olar irdenkä garanyňda, has ýuwaşrak gygyrýarlar. Olaryň näme sebäpden gygyrýandygyny bilmek maksady bilen barlag geçiripdirler. Olary beýleki daşky täsirlerden goramak üçin garaňky we sessiz ýerde goýupdyrlar. Muňa garamazdan, olar ir bilen ýenede gygyrypdyr. Ýagny olar Günüň dogup gelýänini görüp gygyrmaýarlar. Horazlar, özüniň bardygyny aýan etmek we şol töwerekleriň özüne degişlidigini, yglan etmek üçin gygyrýarlar. Özleriniň ýaşaýan çägine beýlekileri getirmezlik hereketi özge guşlarda we ýabany haýwanlarda hem bar. Ganatly jandarlaryň köp görnüşi hem irden saýraýarlar. Şeýle hem guşlar we horazlar günüň beýleki wagtlarynda iýmitiň ýa-da howpuň bardygyny habar bermek, beýleki agzalaryň özünden daşlaşmazlygyny ýatlatmak üçin gygyrýarlar.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *