,

Gatyk barada näme bilýäris?

Gatygyň nähili ýüze çykanlygy barada anyk maglumat ýok, ýöne kakadan ogla haýsydyr bir syr görnüşinde geçendigine şaýatlyk edýän rowaýatlar saklanyp galypdyr. Köne türki dilde ýogurt sözi “ýogurt” kähalatlarda bolsa, “ýogrut” görnüşinde diiňe  asyryň ýazgylarynda gabat gelinýär.
Süýdüň gatyga öwrülmegine laktik aşgaryny (kislota) emele getirýän bir mikroorganizm bar. Bu mikroorganizm, beden ýylylygynda has gowy köpelýär. Gatyk, süýdüň şekeriniň (laktozyň), gatyk maýasynyň täsiri bilen doly laktik aşgaryna dönen uýan süýtden ybaratdyr.
Bu günki lukmançylykda gatygyň durmuşymyzda köp gabat gelýän allergiýa, aşgazan kesellerinde, ýokary gan basyş kesellerine sebäp bolýan hollestirollara, ýürek-damar näsazlyklaryna garşy goraýjylygynyň güýçlüdigi doly anyklanyldy. Esasan hem, A,B,E ýokumlarynda (witaminlerine) baýdyr. Kaloriýasy bolsa pesdir. Bu sebäpli hem ol saçaklarymyzda unudylmaýan nygmatlaryň biridir. Aýratyn hem, süýt şekeriniň emele getirýän käbir içgeçmeler netijesinde, süýt içip bilmeýän çagalara onuň ýerine gatyk içmeklik maslahat berilýär.

Peýdasy:
Ýokumlylygy süýde görä, has ýokarydyr.       

Düzümi proteine, peýdaly ýaglara, witaminlere we minerallara baý.

Süýdi, siňdirmekde kynçylyk çekýänlere gatygy arkaýyn ulanmak mümkinçiligi bar.

Siňdirilmegi aňsat bolanlygy üçin, iýmit siňdiriş ulgamyny kadalaşdyrýar.

Gatyk bakteriýalary, bedenimizi  zyýanly mikroorganizmlerden  goramak ukybyna eýedir.

Hollestiroly pese düşürmek güýjüne eýedir.

Gatygyň bedenimiziň goranyş ukybyny oýaryjy häsiýetlere eýedigi belli edildi. Esasy ýaşulularda goranyş ukybyny güýçlendirmek bilen, kesellere garşy durujylygy artdyrýar.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *