,

Diňe buzgaýmak barada

Tomsuna her üç sekuntdan dünýäde bir buzgaýmak satylýar;

Taryhy:
Buzgaýmagyň döränine 5 müň ýyl bolupdyr diýip çaklanylýar. Onuň dörän ýeri bolsa Hytaýdyr. Edil şol wagtlar Hytaýyň baý hojalyklary miwe şiresine gar bilen buzy goşup, saçaga äberip başlapdyrlar. Buzgaýmak hakynda ilkinji ýazgy görnüşinde ýatlamalara Hytaýyň “Şinzin” atly aýdymlar ýygyndysynda duş gelmek bolýar. Bu aýdymlar ýygyndysy b.e. 3000 ýyl öň ýazga geçirilipdir. Buzgaýmagyň ýasalyş usuly örän gizlinlikde saklanypdyr, bu syry açan adama bolsa ölüm jezasy berlipdir. Birneme gijiräk süýji suwdan we miwelerden doňdurylyp ýasalan tagam gadymy Arabystana, Gresiýa, Rime çenli baryp ýetipdir. Ýöne bu datly tagamyň lezzetini almak Süleýman patyşa, imperator Neron we serkerde Iskender Zülkarneýn ýaly adamlara miýesser edipdir. 1295-nji ýylda meşhur jahankeşde Marko Polo Hytaýdan Italiýa miweli buzgaýmagyň ýasalyş usulynyň ýazgysyny getirýär. Şondan soň buzgaýmak ähli barjamly adamlaryň saçagyna äberilip başlanýar.

Françesko Prokopio dei Koltelli

1686-njy ýylda italýan Françesko Prokopio dei Koltelli ilkinji bolup Parižde “Prokop” atly buzgaýmak-kafesini açýar. Bu ýer Wolter, Gýugo, Didro, Bomarşe, Balzak, Russo, Benjamin Franklin, Napoleon ýaly dünýä belli şahslaryň gelim-gidimli ýerine öwrülipdir. XVII asyr  buzgaýmagyň asyry diýlip hasap edilýär.

Nensi Jonson

1846-njy ýylda hanym Nensi Jonson buzgaýmak üçin el bilen herekete getirilýän mikser doňduryjysyny oýlap tapýar.

Jeýkob Fassel

1851-nji ýylda bolsa Jeýkob Fassel ilkinji buzgaýmak fabrikasyny gurýar. Ol buzgaýmak senagatynyň atasy hasaplanýar. Häzirki wagtda buzgaýmak köp isleg bildirýän iýmitleriň sanawyna girýär.  

Buzgaýmak süýtden edilýär. Süýdüň düzüminde L-triptofan bar. Buzgaýmagyň düzümindäki L-triptofan jisimi şähdiňi açýar, nerw ulgamyny rahatlandyrýar we ýadawlygyňy aýyrýar. Ýene-de bir artykmaçlygy, buzgaýmak ukusyzlygyň hem bire-bir emidir;

Şokoladly buzgaýmagy oýlap tapan daniýaly Kristian Nelsondyr;

Frenk Epperson oýlap tapan taýajykly buzgaýmagyny iýýär

Buzgaýmagy taýajyga berkitmek pikiri 1905-nji ýylda kaliforniýaly Frenk Eppersonyň kellesine gelipdir;

Hasaplamalara görä, bütin dünýäde bir ýylyň dowamynda 7,5-11 milliard dollarlyk buzgaýmak öndürilýär;

Wenesuela “Coromote” kafesi

Wenesuelanyň “Coromote” kafesi buzgaýmaklaryň iň köp görnüşiniň hasaba alnan ýeridir. Hut şu ýerde buzgaýmagyň 709 görnüşini dadyp görmek mümkinçiligi bar;

Buzgaýmagyň düzüminde B12 witamini bardyr.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *