,

Hazar deňzindäki balyklaryň görnüşleri

Hazar deňzinde duşýan balyklaryň görnüşi 30-dan hem geçýär. Olardan takgazy, külkebalygy, kefaly, maňňalçany (müňňürt balygy), iňňe pisint balygy, tiranany, garabalygy, çaprazy, hazar osetrinasyny (gyzyl balygyny), ak çapagy, ak balygy, hazar söweňi (şüwesi), dokyny, bekre balygyny agzamak bolar.

Balyk görnüşleri

Şol balyklardan garabalyk, çapraz we tirana ýaly görnüşler işbil taşlamak üçin deňizden derýalara gidýärler. Şeýle-de, derýalara aralaşýanlara ak çapak, ak balyk, hazar söweňi, doky, tirana, bekre degişlidir. Takgaz, külkebalyk, kefal, maňňalçan, hazar osetrinasy balyklary bolsa aýlaglarda ýaşaýarlar.

Leave a Reply

Your email address will not be published.