,

Dünýäni ilkinji aýlanyp çykanlar

Fernando Magellan

Fernando Magellan 1480-nji ýylda Portugaliýada dworýan maşgalada eneden dogulýar. Ol 25 ýaşly ýetginjekkä Hindistana we Malaý arhipelagyna ýörişlere gatnaşýar. Demirgazyk Afrika ýüzüşlerde bolýar. Ezber deňizçi Portugaliýanyň korolyndan Molukka adalaryna ýöriş eder ýaly gämi hem harajat bermegi haýyş edýär. Korol onuň haýyşyny ret edýär. Magellan ondan öýkeläp, Ispaniýa göçüp gelýär. Ispaniýanyň günbataryny Orta ýer deňziniň, günortasyny Atlantik ummanynyň suwlary ýuwýar. XV asyrda ispanlar deňiz ýüzüşinde dünýäde iň baý tejribe toplanlar hasap edilýärdi. Magellan Ispaniýanyň korolyndan dünýäni açar ýaly, ýer ýüzüne aýlanar ýaly gämi hem harajat soraýar. Korol onuň meşhur deňizçidigini bilip, haýyşyny bitirýär.

Magellanyň syýahaty (kartada)

Dünýäni açyş 1519-njy ýylyň 20-nji  sentýabryndan başlanýar. Magellan şol gün bäş gämide üç ýüze golaý adam bilen Ýer ýüzüne aýlanmaga çykýar. Ýüzüş 1081 gün dowam edýär. Magellan ýüzüşde 1521-nji ýylyň 27-nji aprelinde Matan adasynda ýerli ýaşaýjylar bilen bolan çaknyşykda wepat bolýar. Ýörişiň taryhyny ýazga geçirýän Pifagetta Magellanyň çaknyşykda ýaralanyp, ýüzin ýykylandygyny belleýär. Agyrysyna döz gelen Magellan „Adamlarym gämä mündülermikä?„ diýip, howatyr edipdir. Onuň bilen ýene-de 8 adam heläk bolupdyr. Ýörişiň taryhynyň ýazary tarapyndan täze adalardan 6-sy açylypdyr. Magellanyň açan täze bogazyna onuň ady dakylypdyr.

Sebastýan de el-Kano

Magellan heläk bolandan soň onuň ýerine „Wiktoriýa„ gämisiniň kapitany Sebastýan de el-Kano bolýar. Bu deňizçiniň ady köplere nätanyşdyr. Emma dünýä aýlananlara ýolbaşçylyk eden şu adamdyr. Ýer şaryna aýlanan Magellan däl-de, Sebastýan de el-Kanodyr. Bäş gämiden ikisi – „Wiktoriýa„ we „Santa-Mariýa„ gämileri 1522-nji ýylyň 7-nji sentýabrynda Ispaniýanyň kenarlaryna aralaşýar. Şeýdip, dünýä ilkinji gezek deňiz üsti bilen aýlanyp çykylýar. Sebastýan de el-Kano bilen ýene-de 17 adam aman-sag galýar. Ýer şarynyň töwereginde dünýäde ilkinji bolup deňizde aýlanyp çykan Magellan diýseler, bu känbir hakykata laýyk gelmeýär. Hakykatdan-da, dünýäni aýlanyp çykanlar on sekiz adam. Olara soňky ýolbaşçy bolan Sebastýan de el-Kanodyr. Ýöne dünýä aýlanmagy maksat edinip, ilkinji bolup çykyş eden we uly ýörişe başlan Fernando Magellandyr. Sebastýan de el-Kano we başgalar Magellana ýoldaşdylar hem-de kömekçidiler.

2 Replies to “Dünýäni ilkinji aýlanyp çykanlar”

    1. Maglumatlar web sahypamyza çykarylmanka örän ynamdar çeşmelerden alynýar. Her bir nädogry berilen maglumat üçin admin jogapkärçilik çekýär.

Leave a Reply

Your email address will not be published.