,

Kitap barada “Parasatly pikirler”

Kitap seni dünýäniň meşhur adamlary, alymlary, ýazyjylary, hudožnikleri, kompozitorlary bilen islän çagyňda sözleşdirip biler.
B.Kerbabaýew,
şahyr, dramaturg

Ýazyjynyň kitaby onuň ruhy durmuşynyň terjimehalydyr.
W.Ketlinskaýa,
rus ýazyjysy.

Kitapsyz geçiren günüňi ýitgi bil!
A.Markuşewiç,
rus matematigi,pedagog.

Gowy kitap awtoryň adamzat nesline galdyran wesýeti hem-de öwüt-ündewidir.
A.Addison,
iňlis ýazyjysy.

Gowy kitap okap bolan mahalyň dostuňdan jyda düşen ýaly bolarsyň.
F.Wolter,
fransuz ýazyjysy.

Ynsana nähili hem bolsa, bir oňat zady öwretmeýän ýekejede kitap bolup bilmez.
I.Gýote,
nemes ýazyjysy.

Jahanda kitap dek mährem dost bolup bilmez.
A.Nowaýy,
şahyr,akyldar.

Kitap paýhasyň perzendidir.
J.Swift,
iňlis satirigi,ýazyjy.

Okamak iň oňat taglymatdyr.
A.Puşkin,
rus şahyry.

Kitap adamyň dosty hem maslahatçysydyr.
Ý.Gagarin,
ilkinji komonawt.

Kitapsyz ömür doly manyly ömür däldir.
B.Seýtäkow,
ýazyjy,şahyr.

Kitap pikiriň armaýan ganatydyr.
Aýbek,
özbek ýazyjysy.

Kitap bilen söhbetdeşlik uly lezzet berýär.
K.Zelinskiý,
rus edebiýatçysy.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *