,

At esbaplary

At esbaplary

Eýer – atyň iň esasy esbaplarynyň biridir. Atyň üstünde adam oturmak üçin ata salynýan esbap. Häzirki wagtda türkmenlerde dürli eýerler – türkmen eýeri, çapuw eýeri, ors eýeri, gaňňa eýer we beýlekiler ulanylýar.

Gaş – at eýeriň öňündäki tommarçak, şonuň ýaly-da eýeriň yzky aýlaw görnüşli ýeri, eýeriň gaşy dürli kümüş şaýlar, çüýle bilen bezelýär.

Guşgun – atyň eýeriniň öňe süýşmezligi üçin, guýrugyň aşagyndan geçirilýän, ýüzüne her hili guş gözi ýaly ownuk kümüş şaýlar berkidilen, demir tokaly gaýyş.

Depirgi – atyň üzeňňisi gaýyş üzeňňi bagy bilen.

Golaň – uzak wagtlap durmaly bolanda, keçeleri agdarmazlyk üçin eýersiz çekilýän çeki. “Türkmen diliniň sözlüginde” bu sözüň başga manysy berlipdir. Öýüň gamyşynyň daşyndan aýlanýan 25-30 santimetr inlilikdäki ýörite dokalan galyň mata.

Ganjyga – ýüňden örülen iki sany ýüp. Ol hem eýere berkidilýär. Munuň hyzmaty atyň keçelerini daňyp alyp gitmek üçindir ýa-da bökdergi berkitmek üçindir.

Çeki – atyň eýeriniň üsti bilen döşüniň aşagyndan aýlanyp alynýan gaýyş. Çekiniň ildirgiçli mis halkasyna çeki toka diýilýär. Çeki toka köplenç ýarym aýlaw görnüşinde bolýar. Çeki tokadan başga hem ýerleşýän ýerine görä aýyl toka we üzeňňi toka bolýar. Aýyl toka atyň çekisini, üzeňňi gaýyşynyň ujuna ýarym aý görnüşinde dakylýan demir halka. Üzeňňi toka eýer bilen üzeňňini birleşdirýän gaýyş çekiniň demir ýa-da misden ýasalan ildirgiçli tokasy. Toka arkaly üzeňňi gaýşy uzaldylýar ýa-da gysgaldylýar.

Içirgi – eýeriň aşagyndan atyň arkasyna salynýan keçe. Atyň hemişe münülýändigini göz öňünde tutup, onuň tenine zeper ýetmezligi, üşemezligi, Günden, çybyn-çirkeýden goramak üçin keçeden edilen birnäçe eşikleri ýapypdyrlar. Eýeriň aşagyndan goramak üçin keçe – biri kiçijik, beýlekisi oňa görä ulurak içirgi edipdirler. Bu içirgiler goýnuň ak ýüňünden edilýär.

Derlik – içirgiden aşakda goýulýan, atyň derini çekip almagy üçin ýukajyk keçe. “Türkmen diliniň sözlüginde”bu sözüň şu manysy ýok, ýöne çeper eserlerde ulanylyşy onuň şu manysyna gabat gelýär.Derlik sözi “Görogly” eposynda köp duş gelýär. “Mahmal derlik, gunnary ýona, tylla gaýyşly eýer ala gaýşy gyr atynyň başyna salardy”. Türkmen dilinde ýene-de atyň üstüne ýapylýan eşiklerden jul, köýnekçe, atkeçe, basyrgy, tekeltgi, ýapynja ýaly birnäçe adalgalar ulanylýar. Jul üşemezligi üçin atyň üstüne ýapylýan örtgi bolup, basyrgynyň üstünden atylýar. Ata salynýan julda iki goljuk bolýar, ol atyň göwsüni ýapyp durýar.

Köýnekçe – juluň bezeg üçin edilen bir görnüşi.

Atkeçe – atyň üstüne ýapylýar. Iki dürli bolýar. Bürene keçe boýy 18 garyş, ini 10 garyş bolup, at hereketsizkä üşemezlik üçin salynýan keçedir. Müngi keçe boýy 12 garyş, ini 6 garyş bolup, aty sowukda basyryp münmek üçin edilen keçedir.

Leave a Reply

Your email address will not be published.