,

Top (pökgi) barada

Topuň döreýiş taryhy gadymýetden gözbaş alyp gaýdýar. Top dürli ýerlerde dürli ýasalypdyr. Mysal üçin, gadymy rimliler haýwan derisini injir miwesinden dolduryp, topuň ýeňil we oýnamak üçin amatly bolmagynyň ýoluny oýlap tapypdyrlar. Gadymy hytaýlylar bolsa, topy haýwan derisine guşuň ýelegini, haýwan ýüňlerini salyp ýasapdyrlar.

gadymdan galan top

Müsürliler top ýasamak üçin alan derileriniň içine guran agajyň gabygyny ýa-da gumdur çäge salmagy adat edinipdirler. Türkmen halkynyň XI asyra degişli ajaýyp edebi ýazuw ýadygärligi „Kowusnama„ kitabynyň ýörite bir bölümi, ýagny fazyly „Çöwkan oýny hakynda„. Çöwkan oýny atly-abraýly, barjamly adamlaryň at üstünde topy taýak bilen urup, topar bolup oýnaýan oýnunyň ady. Mälim bolşy ýaly, kitaby ýazan Keý-Kowus öz ogly Gilan şaha çöwkan oýnuny oýnamak bilen bagly atalyk pentlerini ýazypdyr. Munuň özi türkmen halkynda hem topuň gadymdan bäri meşhurdygyna şaýatlyk edýär. Toplaryň birnäçe görnüşi bar: ýagny, futbol pökgüsi, woleýbol pökgüsi, basketbol pökgüsi, tennis pökgüsi, regbi pökgüsi, golf oýnundaky topjagaz we ş.m. 

Futbol topy

Futbol pökgüsi 12 sany gara bäşburçlukdan we 20 sany ak altyburçlukdan ybarat. Futbol – „Foot„ – „aýak„ we „ball„ – „pökgi„ sözlerinden ybarat. Basketbol pökgüsi bolsa narynç reňkde. „Basket„ – „sebet„ diýmek. Sebäbi bu oýny tapan bedenterbiýe mugallymy Jeýms Neýsmit erik salnan adaty sebedi alyp ýokarda goýupdyr we talyplaryna topy şol sebede salmakda bäsleşik gurapdyr. Bu oýun gysga wagtda meşhurlyk gazanypdyr.

tennis topy

Tennis pökgüsi açyk ýaşyl reňkde bolup, onuň agramy 56,7 gram. Woleýbol sözündäki „woleý„ bölegi uçup gelýän topy urmak manyny berýär. Bir ýylda üç ýüz million tennis pökgüsi öndürilýär. Örän güýçli we başarjaň  oýunçy  golf oýnunda golf pökgüsini 275 metr uzaklyga çenli urmaga ukyply.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *