,

Kärizler barada!

Kärizler

Ata-babalarymyz Türkmenistanda örän geň we üýtgeşik desga bolan kärizleri gazmagy hem-de olary uzak wagtlap ulanmagy başarypdyrlar. Kärizleriň peýda bolmagy b.e. öňki I müňýyllygyň ortalaryna degişlidir. Kärizler, adatça, beýik ýerden – dag eteginden aşaklygyna tarap ýer astyndan gazylýar. Ýerasty ýap hökmünde gazylýan ugurda her ýerräkden guýy görnüşinde ýeriň üstüne deşik açylýar. Suw kärizden öz akymyna akýar. Mysal üçin, kärizlerden iň gadymy hem arasy üzülmän işläp gelýän Köne Mürçe kärizi özüniň gözbaşyny Arwaza dag etegi düzlüginiň iň ýokary nokadyndan alyp gaýdýar. Munuň özi ägirt uly desgadyr. Köne Mürçe kärizi Baharly etrabynyň çägindäki kärizleriň arasynda iň suwly kärizleriň biridir, ol sekuntda 29 litr suw berýär. Käriziň 3 kilometr uzynlygynda 120-ä golaý käriz guýusy bar.

Leave a Reply

Your email address will not be published.