,

Türkmenistanly kosmonawt

Dünýäde sanaýmalyja kosmonawt bar bolsa şolaryň biri hem ildeşimiz Oleg Kononenkodyr. Oleg çagalykdan Gagarin ýaly kosmonawt bolmagy arzuw edýär. Arzuwyna ýetmek üçin köp okaýar, öwrenýär. Yhlasly zähmet ony arzuwyna ýetirýär. Ol 1964-nji ýylda Türkmenabat şäherinde dogulýar we ol ýerdäki 15-nji orta mekdebi tamamlaýar. 1981-1982-nji ýyllarda Türkmenabadyň awiatehnikalar bazasynda zähmet çekýär. 1988-nji ýylda Ukrainanyň Harkow awiasia institutyny tamamlaýar. 1996-njy ýylda kosmonawtlyga dalaşgär saýlanýar. 1998-nji ýylda “Synagçy kosmonawt” derejesine mynasyp bolýar. 2007-nji ýylda “Soýuz-TMA-12” kosmos gämisiniň bortinženeri hökmünde gutarnykly tassyklanýar.

Oleg Kononenko we bilelikde uçan kosmonawtlar

2008-nji ýylyň 8-nji aprelinde kosmosa uçýar. Bu uçuş 190 gün dowam edýär. Oleg Kononenko öz ýany bilen kosmosa Türkmenistanyň baýdagyny, Prezidentiň tuguny we suratyny, türkmen halysyny alyp gidýär.

One Reply to “Türkmenistanly kosmonawt”

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *