,

Ilkinji çemçe

Ilkinji çemçeler biziň eýýamymyzdan üç müň ýyl öň ýasalypdyr. Olar toýun palçykdan ýasalyp, ýylmanyp ulanylypdyr. Adamlar haýwanlaryň süňklerinden, goçuň we geçiniň şahyndan hem çemçe ýasanypdyrlar. Şeýle-de balykgulaklardan, agaçdan ýasalan çemçeler giňden peýdalanylypdyr. Gadymy grekler we rimliler nahary elleri bilen iýmegi halapdyrlar. Ir wagtlar çemçe diňe gurply ýaşaýanlarda bolupdyr. Ilkinji kümüşden ýasalan çemçeler Russiýada 988-nji ýylda peýda bolýar. Ol çemçeleriň sapy gysga bolupdyr. Adamzat durmuşynda çemçe XIV asyrdan bäri ulanylyp gelýär.

ilkinji çemçeler

Gadymy türkmen ýazuw ýadygärliklerine ser salanymyzda, türkmenlerde hem çemçäniň uzak wagtdan bäri ulanylandygyna göz ýetirmek bolýar. Edebi çeşmelerimizde çemçäniň „kaşyk„ , „köfçe„ , „çömçe„ görnüşlerinde duş gelmek bolýar. Mahmyt Kaşgarlynyň sözlüginde „Guruk kaşuk agyzga ýaramas„ („Içi boş çemçe agza ýaramaz„) diýen nakyldaky „kaşyk„ sözi „çemçe„ sözüniň gadymy görnüşidir. Häzirki wagtda hem käbir şiwelerde çemçä „kaşyk„ diýýärler. Gadymy türkmen dilinde „kaşyklyk„ sözi „şah„ diýmegi aňladýar. Şundan çen tutup, çemçäniň haýwan şahyndan ýasalandygyny, şondan hem „kaşyk„ sözüniň gelip çykandygyny aňlatmak bolýar.

akylly çemçeler

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *