,

Seýran Seýitmämmedow “Eje”

Eje

Sen saçymy daramadyň ýel bolup,
Sen saçymy özüň bolup daradyň.
Emma bu gün şemaljagaz sen bolup,
Saçlaryma saldy soňsuz daragyn.

Sen hiç haçan ýylatmadyň Gün bolup,
Emma Gün sen bolup ýylatdy şumat.
Senli ýatlamalar, senli pikirler,
Ähli yzalarmy eýledi sumat.

Tutýamyka gijeleriň ukusy,
Günler indi nädip daňlaryn aty:r.
Meni äkidenine ökünip ýollar
Ýaraly ýylan deý towlanyp ýatyr.

Ýagyş damjalary gussaly dünýäň
Hem-de meň gussaly gözlerme gaýdýar.
Birdenem ýalpyldap Gün çykdy,
Eje,
Ýylgyrdyň öýdýän.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *