,

Süýt barada

Süýdüň 87,5%-i suwdan ybaratdyr. Onuň düzüminiň 3-4 %-ini ýaglar, 5%-ini laktoza, 0,7%-ini gymmatly mineral maddalar emele getirýär.
Süýtdäki ýaglar energiýanyň hakyky çeşmesidir. Onuň düzüminde gymmatly ýag turşularynyň ähli görnüşleri, şeýle hem A, D, E, K witaminleri saklanýar.
Köp mukdarda D witamininiň, kalsiniň, kaliniň saklanmagy süýdi “erbet” holesteriniň derejesini peseltmek üçin giňden ulanmaga mümkinçilik berýär.
Süýdüň düzüminde uglewodlary we ýaglary energiýa öwürmäge ukyplu bolan B2 witamini (riboflawin) köpdür. Şoňa görä, horlanmak isleýän adamlara süýdi yzygiderli içmek maslahat berilýär.
Süýtdäki beloklar etdäki we balykdaky beloklara seredeniňde has ýeňil özleşýär.
Süýt ylaýta-da gipertoniýada peýdalydyr. Ol arterial gan basyşynyň 5-10%-e çenli peselmegine itergi berýär.
Süňkleriň kadaly ösmegi hem-de pugtalanmagy üçin ýeterlik mukdarda kalsiý bilen fosfor elementleriniň saklanmagy ony osteoporozy bejermekde we bu keseliň öňüni almakda deňi-taýy bolmadyk önüme öwürýär.
Her gün 2 stakan süýt içilende adam bedeniniň beloklara gündelik talaby 30%, kaliý elementine gündelik talaby 50%, kalsiý elementine gündelik talaby 75% üpjün edilýär.
Süýtdäki kalsiý we magniý artykmaç suwuň daşary çykarylmagyna ýardam edýär. Şonuň üçin bu içgini endamda çişler dörände ulanmak maksada laýykdyr. Süýt we süýt önümleri saçy iýmitlendirýär we pugtalandyrýar.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *