,

Beýik Britaniýanyň Oksford uniwersiteti

Beýik Britaniýanyň iri hem-de öňden gelýän ýokary okuw mekdepleriniň biri Oksford şäherinde ýerleşýän uniwersitetdir. Bu uniwersitet XII asyryň birinji ýarymynda, käbir çeşmeleriň maglumatlaryna görä, XIII asyrda esaslandyrylypdyr. XII asyrda Oksford uniwersitetiniň gumanitar, ýuridiki-hukuk, ylahyýet hem lukmançylyk fakultetleri bolupdyr. Oksford uniwersitetinde orta asyrda R.Bekon, Ioann Duns Skot, J.Uiklif, täzeden döreýiş eýýamynda – Erazm Rotterdamskiý, T.Moor, 1703-nji ýyldan uniwersitetiň professory E,Galleý, XVII asyrda Ž.Lokk, A.Smit, R.Boýl mugallymçylyk edipdirler. Oksford uniwersitetini dürli ýyllarda Beýik Britaniýanyň Premýerministrleriniň 22-si tamamlady. Oksford uniwersiteti öz-özüňi edara ediş ýokary okuw mekdebi bolup, ol diňe parlamente tabyndyr. Maliýe babatynda Oksford uniwersiteti döwlete hem-de şahsy adamlaryň sadakaýardamyna garaşlydyr.  Munuň özi onuň býujetiniň üçden iki bölekden gowragyny düzýär. Okamak üçin dünýäde iň ýokary töleg bolup, okuw ýylynda 850-900 funt sterlingdir. Oksford uniwersitetiniň düzüminde 39 kollej bar. Şolardan 29-sy erkek adamlar, 5-si zenanlar üçindir, 5-si hem gatyşyk kollejlerdir. Şolardan din, hukuk, lukmançylyk, nusgawy edebiýat, Ýewropanyň orta asyr we häzirki zaman dilleri we edebiýatlary, Gündogary öwreniş, fiziki ylymlar, matematika, biologiki we oba hojalyk ylymlary, psihologiýa, sosial ylymlar, geografiýa, sungaty öwreniş, saz ýaly fakultetleri hem bar. Bu ýerde kafedralaryň sany 22-dir. Ýöriteleşdirilen ençeme ylmy-barlag inistitutlary hem-de laboratoriýalary, şol sanda matematika, lukmançylyk barlaglary, Gündogary öwreniş, mugallymçylyk, eksperimental psihologiýa, ykdysadyýet, oba hojalyk boýunça barlaglar inistitutlary-da bar. Organiki däl himiýa, fiziki himiýa, himiki kristallografiýa laboratoriýalary işleýär. Hasaplaýyş merkezi, Ž.Reskin (Raskin) adyndaky suratkeşler we ajaýyp sungatlar mekdebi, birnäçe muzeý bar. 1602-nji ýylda esaslandyrylan Bodli adyndaky iňňän uly uniwerstitet kitaphanasynda 2,5 million tom bar. 1972-nji ýylda Oksford uniwerstetinde 11 müň adam okady. Şolaryň 2,5 müňüsi aspirantlardyr. Mugallymlaryň 1,1 müňüsi, şol sanda 114 professor sapak berdiler. Mugallymlaryň arasynda Londonyň  Patyşalyk jemgyýetiniň agzalarynyň 20-ä golaýy bar. Olaryň biri-de Kroufut Hodžkin Nobel baýragynyň eýesidir. Oksford himiýa mekdebiniň gazanan üstünlikleri Nobel baýragynyň eýeleri F.Soddiniň, S.Hinşelwudyň, R.Robinsonyň atlary bilen baglanyşyklydyr. Oksford uniwersiteti iňlis dilinde gürleýänler üçin dünýäde iň bir gadymy, Beýik Britaniýada bolsa birinji uniwersitetdir. Ol 1117-nji ýylda esaslandyryldy. Bu abraýly ýokary okuw mekdebi Oksfordşir graflygynyň Oksford şäherinde ýerleşýär. Bu ýerde ähli synag-ekzamenler, şeýle hem leksiýalaryň we laboratoriýa işleriniň aglabasy merkezleşdirilip alnyp barylýar, şol bir wagtyň özünde kollejlerde talyplar bilen sapaklar guralýar. Okuw  başlanmazyndan öň, ýylyň oktýabr-noýabr aýlarynda okuwa girmekçi bolan dalaşgärler kollejlere arza berýärler. Bahalara seredilýär hem-de gürrüňdeşlikler geçirilýär. Käbir halatda synag-ekzamenleri ýazmaça görnüşlerde alnyp barylýar. Şol bir ýylda Oksford we Kembrij uniwersitetlerine  okuwa girmek babatda arza kabul edilmeýär. X asyrdan Salernoda, Pawiide, Bolonýada, Parižde uniwersitetler bolup, şol ýerlerde hukuk, latyn, pelsepe, lukmaçylyk, matematika dersleri boýunça sapaklar guralypdy. Angliýada bolsa ýagdaý başgaçady. Hat-da din işgärleriniň arasynda hem bisowatlar sanardan kändi. Şonuň üçin 1117-nji ýylda din wekillerine has köp bilim bermek üçin uniwerstitet döretmegi makul bildiler. Seçip alyş ýeri Patyşalygyň uly şäherleriniň biri hasaplanylan Oksforda düşdi. Ýöne diňe Genrih II döwründe Oksford hakyky uniwerstitet şäherjigine öwrüldi. XIII asyrda talyplar bilen şäher ilatynyň arasynda çaknyşyklar boldy. Netijede, Oksfordyň talyplarynyň hem-de professorlarynyň bir topary şäherden gaçyp gitdiler. Netijede, gaçyp gidenler tizara Kembrij uniwersitetini esaslandyrdylar.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *