,

Berdinazar Hudaýnazarow “Dünýäde hemme zat kämilleşmeli”

Damja dama-dama köle öwrülip,
Yzlar – ýoda, Ýoda – ýola öwrülip,
Oglandyr gyz är-aýala öwrülip –
Dünýäde hemme zat kämilleşmeli.

Owazlar goşulyp öwrülýär saza,
Gyş kem-kemden eräp ýazýandyr ýaza,
Ömür köne, Emma ykballar täze –
Dünýäde hemme zat kämilleşmeli.

Sen gyza bakýarsyň, Gyz bolsa – saňa.
Ýöne entek söýgi diýlenok muňa,
Otly tamdyr ýaly taplanyp diňe –
Dünýäde hemme zat kämilleşmeli.

Ak daňy atyrýar geçýär-de gije,
Adam ýeli, suwy öwürýär güýje,
Ýaz – tohum, sepilýä Güýzem – netije –
Dünýäde hemme zat kämilleşmeli.

Bilemok, aslymyz maýmynmy ýa däl,
Durmuş näme?
Durmuş – jogap däl – Sowal.
Günäň garşysyna döräpdir zowal –
Dünýäde hemme zat kämilleşmeli.

Ýamana haý diýip, Ýagşyny aýap,
Biz kemal tapýarys çeksek-de azap,
Bir zady ýumursa, Bir zady ýasap –
Dünýäde hemme zat kämilleşmeli.

Ýaşaber dünýäňe ynamsyz bakman
Kesel köpelensoň döräpdir Lukman.
Bizi howlukdyryp, Özi howlukman –
Dünýäde hemme zat kämilleşmeli.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *