,

Seýran Seýitmämmedow “Ene dilim”

Ene dilim

Ýüregimde dilçi bolmak arzuwym,
Dilimde sözleriň ählijesi jem.
Ýaşa sen, ýaşa sen, eý, ene dilim,
Ýaşa sen, şol dili öwreden ejem.

Dolduryp ylhamyň pyýalasyny,
Meýlise başlara bolupdyr bir çen.
Ýaşa sen, ýaşa sen, eý, ene dilim.
Ýaşa sen, şol dili öwreden ejem.

Daga-ha bag diýip, baga dag diýip,
Ýalňyşan günlerim deňimden ötdi.
Emma geçen günlem geljegim üçin
Gundagyn açmadyk duýgy döretdi.

Azaşan gussamy ýürekden sowrup,
Oň deregne jemläp sözleriň baryn.
Eziz ejem, seň öwreden diliňde
Bu gün bilişimçe goşgy ýazýaryn.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *