,

Galamyň taryhy

Ilkinji galamlar XII-XVI asyrlarda döräpdir. XIV asyrda italýanlar toýundan ýasalan galamlary öndüripdirler. Şeýle galamlar öçügsi we solgun gara reňk beripdir. Ýakylan süňkden alnan serişde hem ösümlik ýagy bilen garylyp, galam hökmünde peýdalanylypdyr. XVII asyrda grafitden ýasalan galamlar uly meşhurlyga eýe bolupdyr. Galam 1775-nji ýylda fransiýaly Nikolýa Žak Konte tarapyndan ýasalýar.

Nicolas Conte (1755-1805)

Ol öbaşdak galamyň inçe taýak görnüşini, ýagny palçygyň we grafitiň garyndysynyň iki taýajygyň arasynda ýerleşdirilen görnüşini ýasaýar. Ol 1795-nji  ýylda galam öndürmegiň patenitini alandan soňra öz adyny göterýän galam fabriginiň düýbüni tutýar. Kagyzda sähelçe yz galdyrýan, ýöne eliňi hapalaýan grafite daş ýasamak pikiri asyrlarboýy ony döredijiniň we biznesmeniň adyny göterip gelýär. „Konte„ firmasy galam öndürmekde öňdebaryjy hasaplanýar. Ilki-ilkiler grafit, metal turbajyga doldurylyp, ol diňe hat ýazmak üçin däl, eýsem, bezeg üçin hem ulanylypdyr. Grafitiň galyndylary ilkinji gezek 1654-nji ýylda Angliýada tapylýar. Şa zenany grafitiň geljekki nesillere-de miras galmagy ugrunda aladalanyp, ýylda 6 hepdäniň dowamynda grafit gazyp almaga rugsat beripdir. Agaç gatlakly galamlaryň döränine iki ýüz ýyl gowrak wagt geçipdir. Häzirki wagtda galamlaryň üç: gara grafitli, nusga we reňkli ýaly görnüşleri ulanylýar. Olar gaty we T, MT, M harp manylary bilen däl-de, eýsem, mekdep, kanselýar, çyzgy, surat, mehaniki ýaly görnüşleri bilen tapawutlanýar. Galamyň hiliniň gowudygyny urga çydamlylygy, ýonulanda döwülmeýänligi, ýazanyňda kagyzy zaýalama- ýanlygy, bozguç bilen çalt öçürilýänligi arkaly bilip bolýar. Eberhars Faber 1861-nji ýylda Nýu-Ýork-da galam zawodynyň düýbüni tutýar. Kosmosa ilkinji çykan kosmonawt Ýuriý Gagarin öz ýany bilen galam alyp gidýär. Sebäbi ýeriň dartyş güýjüniň ýok ýerinde ruçkanyň syýasy daşyna çykyp akýar. Russiýadan grafit känini tapan Lomonosow Arhangelsk oblastynyň ýaşaýjylarynyň kömegi bilen galam öndürmegi ýola goýupdyr. Lomonosow galamyň mukdarynyň ölçeg birligini girizipdir. Galamyň mukdarynyň ölçeg birligi „gross„ diýip atlandyrylypdyr, sebäbi „gross„ diýmek 12 diýmegi aňladýar. Bir günde galam ýasaýan ussa öz şägirdi bilen 12 galam öndürmegi başarypdyr. Hut şundan hem bu söz ulanyşa giripdir. Türkmenler hem gadym wagtdan bäri ýazuw işlerinde gara daşy peýdalanypdyrlar. Rus diline bu söz türkmen dilinden durkuny üýtgetmän, „gara daş„ – „karandaş„ görnüşinde geçipdir. Häzirki döwürde 350-den gowrak görnüşli, 70-den hem köp reňkli, 18 sany gatylyk derejedäki galamlar öndürilýär. Bir ýylda bütin dünýä boýunça 14 milliarddan gowrak galam satylýar. Bu san bolsa galamyň giňden ulanylýandygyny aňladýar.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *