,

Diňe düýe barada

Düýelere “çöl gämileri” diýilýär. Sebäbi olar çölde iň bir çydamly haýwan hasaplanýarlar.

Türkmen halkynda iki örküçli düýä bugra, aýry diýilýär. Beýleki halklarda bir örküçli düýelere dromedar, iki örküçli düýelere baktrian diýilýär. Baktriýa gadymy ýer-ýurt ady bolup, ol häzirki Owganystanyň we Özbegistanyň çäklerini öz içine alypdyr. Hut şu ýerde iki örküçli düýeler bolupdyr. Iki örküçli düýelere baktrian diýilmegi şunuň bilen baglydyr.

Türkmen halkynda düýeleriň birnäçe görnüşi bar: kärderi, herekmaýa, göhert, heşdek, iner, maýa.

Düýe süýdi peýdaly içgi hasaplanýar. Düýe çalynyň we agaranynyň dermanlyk häsiýetini Lukman hekim hem geljek nesillere pent edip gidipdir. Aýran düýe süýdünden taýýarlanýar. Düýe süýdüne şeker atyp, goýalýança gaýnadýarlar we balgaýmak taýýarlaýarlar.

Düýäniň ýüňi çölde yssydan goraýar. Düýe ýüňünden edilen guşak bilagyry, guragyry ýaly dertleri bejermekde ähmiýetli.

Düýeleriň uzyn gaşy olary çölde harasat wagty syraýan çägeden goraýar.

Uly düýeler 300 kilogram agramlykdaky ýüki götermäge we daşamaga ukyply. Türkmeniň “Hatarda ner bolsa, ýük ýerde galmaz” diýen nakyly bu aýdylany tassyklaýar.

Uly düýeleriň agramy 300 kilogramdan 500 kilograma çenli ýetýär.

Düýeler hiç zat iýmän bir aý oňňut edip bilýärler.

ABŞ-nyň käbir ştatlarynda düýe bilen bagly gadagançylykly kararlar-da bar. Aýdaho ştatynda düýäniň üstünde oturyp balyk tutmak gadagan bolsa, Newada ştatynda köçede düýeli gitmek gadagan.

Türkiýäniň günbatarynda düýe uruşdyrmak däbi meşhurdyr.

Türkmende düýe diňe ýük çekmekde ulanylmaýar. Düýebaşlyk ýaly bezegler bilen bezelen bu haýwanda kejebe bilen gelin getirilipdir.

Düýe bilen bagly esbaplar-da bar. Howut – münmek we ýük urmak üçin düýäniň arkasyna salynýan hataply esbap; Hatap – howudyň öň tarapynyň üstünden goýlup berkidilýän, toýnuk şekilli dört bölek agaç; Owsar – düýeleriň kellesine salynýan demir çişli nogtanyň ady.

Bir düýe 15 minutda 200 litr suw içip bilýär.

40 ýaşyna çenli ýaşap bilýän düýeler suwuň nirededigini 10 kilometr uzaklykdan duýup bilýärler.

Düýäniň  gözleri we gulaklary kiçidir, emma olar kiçi-de bolsa, uly-uly gyllar bilen üstleri örtülendir. Çünki bu jandar çöl-beýewanlarda otlap-suwlansoň, bu gyllar olaryň gözlerini we gulaklaryny gumly tozanlardan gorap saklaýar.

Düýe özüne duşmançylyk eden adamy uzak wagtlap ýadynda saklaýar. Ol kine saklan adamsynyň ýüzüne pyşgyryp-da, üstüne topulyp-da biler.

Düýäniň ýokary dodagynyň ortasy ýarykdyr. Şeýlelikde, düýe gazaply çölleriň çydamly “bägülleri” bolan ýandaklary ap-aňsat çeýneýär we  gäwüş gaýtaryp çykarýan täsin suwuklygy bilen eredip, ýeňil siňdirýär.

Düýe çöküne düşen wagty garnynyň aşagynyň gyzgyn çägä ýanmazlygy üçin dyzlaryndaky, tirseklerindäki, döşündäki ýasy paşmaklaryny ýere goýýar. Ýerinden turan wagty bolsa uzyn boýnuny ulanyp, arkasy agyr ýükli bolsa-da, uly göwresini aňsatlyk bilen ýerden galdyryp bilýär.

Düýäniň aşgazany 3 sany uly bölümden durýar. Bu bölümleriň her birinde ýene-de 800 bölüm bar. Eger düýe uzak wagtlap açlyk  çekse, bu bölümlere ozaldan ýygnanan iýmit gorlaryny we suwy peýdalanýar.

Düýäniň burun deşikleri öwrüm-öwrümdir we girelgesi köp gyllydyr. Şeýlelik bilen  onuň burnuna gum (tozan) girmez we burnuň üsti bilen daşaryk çykarylýan howanyň (demiň) 66% çygy (suwy) organizme sorulýar we ganyň, gözleriň we beýniň salkynladylmagynda ulanylýar.

Düýe gyşyna 3 aýlap suw içmezden ýaşap bilýär.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *