Ussa/Meşhur adamlaryň durmuşyndan

Beýik rus himigi D.I.Mendeleýew işden boş wagtlary kitabyň daşyny oňarmak we çemodan ýasamak bilen meşgullanypdyr. Bir gezek alym çemodan ýasamak üçin gerek bolan zatlary almaga dükana baranda, kimdir biri ony görüp, satyjydan: “Ol kim?” diýip sorapdyr.
– Be, siz näme tanamadyňyzmy? – diýip, satyjy geň galypdyr.
– Ony hemmeler tanaýar. Ol belli çemodan ussasy Mendeleýew ahyryn.
Aýtmaklaryna görä, Dimitriý Iwanowiç Mendeleýew özi barada edilen bu gürreňi eşidip, satyjynyň özüne beren bahasyndan örän hoşal bolupdyr.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *