Iň uly açyş

Meşhur adamlaryň durmuşyndan

Belli iňlis himigi Gemfri Dewi özüni fizikada we himiýada eden köp sanly açyşlary bilen şöhratlandyrdy.

Bir gezek dostlary ondan öz açyşlary barada gürreň bermegini soranlarynda, ol:
“Men ylym üçin örän ähmiýetli birnäçe açyş etdim, ýöne olardan iň ulysy – bu meniň Faradeýi açmagymdyr” – diýipdir.
Hakykatdan-da, kitap sahaplaýjy ussanyň kömekçisi bolan Maýkl Faradeý asyryň görnükli fizigi we himigi boldy.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *