Älemiň temperaturasynyň sowamagyň deregine gyzýandygy anyklanyldy.

Alymlar şu güne çenli älemiň temperaturasynyň kem-kemden peselýändigini aýdylýardy. Emma täze gözlegler munuň tersini görkezdi. Gözlegleriň netijesine görä, älem kosmosdaky sürtülme intensiwligi bilen gyzýar.

Geçen asyrdan bäri alymlar älemiň yzygiderli giňelýändigini bilýärler. 1990-njy ýyllarda geçirilen gözlegler 4 milliard ýyl ozal giňeliş tizliginiň ýokarlanýandygyny ýüze çykardy. Älem giňelip barýarka, galaktikalaryň toparlary bir-birinden hasam daşlaşýarlar. Alymlar munuň netijesinde älemiň temperaturasynyň kem-kemden peseljekdigini çaklaýardylar.

Emma Ogaýo Döwlet Uniwersitetiniň gözlegçileriniň geçiren täze gözleginde munuň beýle bolup bilmejekdigi ýüze çykaryldy. Gözleglere görä, wagtyň geçmegi bilen älemiň temperaturasy has gyzar. Gözlegçiler soňky 10 milliard ýylda Älemiň ýylylyk taryhyny öwrendiler we kosmiki gazyň temperaturasynyň 10 esse ýokarlandygyny gördüler.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *