Bulary bilmek gyzykly

  • Atlantika dünýäniň iň uly ikinji ummany hasaplanýar. Umman her ýylda ortaça 4 sm ulalmagyny dowam edýär. Şeýlelikde, Ýewropa bilen Amerika biri-birinden uzaklaşýar.
  • Häzire çenli hasaba alnan iň uly tolkun 1971-nji ýylda Ýaponiýanyň Işigaki adasynyň golaýynda ýüze çykypdyr. Onuň beýikligi 85 metre barabar bolupdyr.
  • Ylmy maglumatlara görä, ýer ýüzündäki iň ýyndam hereket edýän zat elektrondyr. Ol atomyň daşyndan aýlanyp, sekuntda 80 müň km ýol geçýär.
  • Ewerestiň deňiz derejesinden iň beýik dagdygy hemmä mälimdir. Emma Gawaidäki Mauna-Kea dagy eteginden depesine çenli ölçelende, 10 203 metr bolýar. Dagyň uly bölegi deňiz derejesinden aşakda ýerleşýär. Ol deňiz derejesinden 4205 metr beýikdir.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *