Beýik Himik

Meşhur adamlaryň durmuşyndan

Meşhur alym A.M.Butlerowyň durmuşynda esasy iş himiýa degişli bolupdyr. Ol bu ylym bilen çagalykdan gyzyklanypdyr. Sekiz ýaşynda ony Kazandaky hususy pansiona ýerleşdiripdirler. Ol gizlinlikde aşhanada “synaglar” geçiripdir we bir gezek ol ýerde gulagyňy gapyjy partlamany gurnapdyr. Terbiýeçiler şol ýere gyssagly okdurylypdyrlar we ol ýerden gaşy, saçy, çirkizilen Butlerowy çykarypdyrlar. Mugallymlar “düzgün bozujy” üçin şeýle jeza çykarypdyrlar: oglanyň döşünden ak harplar bilen “Beýik Himik” diýip ýazylan gara tagtany asypdyrlar. ony nahar iýilýän zala çenli şeýle görnüşde birnäçe gezek aýlapdyrlar. Mugallymlaryň kinaýaly many berip aýdan sözi öňdengörüjilik, ýagny welilik boldy. Hakykatdan-da, ýaş himik beýik alym bolup ýetişýär.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *